Russiýanyň, Hytaýyň hem-de Mongoliýanyň hökümetleriniň arasynda “Beýik çaý ýoly” atly täze syýahatçylyk brendini döretmek hakynda ähtnama gol çekildi. Bu barada Russiýanyň “Rosturizm” federal agentliginiň ýolbaşçysy Oleg Safonow habarçylara gürrüň berdi.
Geçen hepdäniň ahyrynda Hytaýda 3 ýurduň syýahatçylyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi. Şonda täze syýahatçylyk brendini döretmek babatda pikir alşyldy. Şonuň netijesinde, taraplar özara ähtnama gol çekişdiler. Bu brendiň esaslandyryjylary hökmünde Russiýanyň Irkutsk oblasty, Zabaýkal okrugy, Burýatiýa Respublikasy, Hytaýyň birnäçe welaýatlary, Mongoliýanyň Ulan-Bator şäheri çykyş etdi.
Bu brendi döretmekdäki maksat ýurtlaryň arasyndaky syýahatçylaryň gelim-gidimini artdyrmakdan, medeni mirasyň öwrenilmegini gazanmakdan we beýleki ýurtlaryň jahankeşdelerini çekmekden ybarat. Bu syýahatçylyk ýoly müňlerçe kilometre uzap gidýär. Häzirki wagtda 3 ýurduň arasynda 30-dan gowrak bilelikdäki syýahatçylyk ugurlary bar.
Ähtnamanyň çäklerinde Hytaý Russiýanyň çäklerinde birnäçe maýa goýum taslamalaryny hem amala aşyrmagy göz öňünde tutýar.