Dünýäniň iň köp ilatly ýurtlarynyň biri bolan Hindistan dünýäniň iň uly telefon bazarynyň birine öwrülip barýar. 2019-njy ýylda bu ýurtda 158 million telefon satyldy. Hindistanyň bazarynda uly isleg bildirilýän ykjam aragatnaşyk enjamlarynyň 72 göterimini Hytaýyň kompaniýalarynyň öndüren telefonlary düzdi.
Häzirki wagtda dünýäniň iň köp ilatly ýurtlary bolan Hytaý bilen Hindistan telefon söwda bazarynda degişlilikde, birinji we ikinji orunlary eýeleýär. Ilki başlarda bu ugurda birinjiligi ABŞ eýelän bolsa, soňlugy bilen ikinji orna, häzir bolsa üçünji orna geçdi.
Sanawda ikinji orny eýeleýän Hindistanda Hytaýyň “Huawei”, “Xiaomi”, “Vivo”, “Realme” we “Oppo” ýaly kompaniýalarynyň telefonlary iň köp satyn alynýan telefonlar bolup durýar. Mundan başga-da, dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa enjamlaryny öndürýän kompaniýalary Hindistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge uly gyzyklanma bildirýär. Golaýda Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasy bu ýurtda 500 million dollar möçberinde maýa goýum taslamasyny özleşdirmek işine girişdi. “Apple” kompaniýasy hem Hytaýdaky önümçiliginiň belli bir bölegini Hindistanda amala aşyrmaga başlady.