Ger­ma­ni­ýa­nyň ho­wa zy­ňyl­ýan ha­pa gaz­lar bi­len gö­reş­ýän hü­när­men­le­ri az­da-kän­de öňe­gi­diş­lik ga­zan­dy­lar. Bir ýy­la çe­ken gep­le­şik­ler­den soň­ra, ýö­ri­te­leş­di­ri­len hö­kü­met ko­mis­si­ýa­sy 2038-nji ýy­la çen­li kö­mür bi­len iş­le­ýän äh­li elekt­rik be­ket­le­ri­ni ýap­mak ba­ra­da­ky me­ýil­na­ma­ny ma­kul­la­dy. Kö­mür bi­len iş­le­ýän elekt­rik be­ket­le­ri­niň iş­çi­le­ri­ne, şeý­le hem, kö­mür ener­gi­ýa­sy­na bag­ly bo­lan fe­de­ral ýer­le­re köp mil­liard­lyk pul kö­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar. Bu çä­re­ler Ger­ma­ni­ýa­nyň ha­pa gaz­la­ryň ho­wa zy­ňyl­ma­gy bo­ýun­ça öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­me­gi üçin ze­rur­dyr.

– Gep­le­şik­ler kyn geç­di we uzak wagt al­dy. Ýö­ne ne­ti­je­ler go­wy. Biz hök­ma­ny su­rat­da kö­mür ener­ge­ti­ka­syn­dan ýüz öwür­ýän il­kin­ji ýurt hök­mün­de öňe saý­la­nyp, ony bü­tin dün­ýä aýan ede­ris – di­ýip, Ger­ma­ni­ýa­nyň eko­lo­gi­ýa, te­bi­ga­ty go­ra­mak we gur­lu­şyk mi­nist­ri Swen­ýa Şul­se bel­le­di.

Hä­zir­ki wagt­da Ger­ma­ni­ýa ýy­ly­lyk elekt­rik be­ket­le­rin­den elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny alyp, ola­ryň 60 gö­te­ri­min­de ýan­gyç hök­mün­de kö­mür ula­nyl­ýar. Hö­kü­met bu mow­zu­gy ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga 2026-njy we 2029-njy ýyl­lar­da ýe­ne-de gaý­dyp ge­lip, be­ket­le­ri ýap­mak müm­kin­çi­li­gi­ni bel­le­ni­len möh­le­tin­den üç ýyl yza süý­şür­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär.