Ita­li­ýa­nyň çem­pio­na­ty “Se­rie A-nyň” soň­ky 5 ýy­ly­nyň çem­pio­ny “Ýu­wen­tus” to­pa­ry “Na­po­li­niň” ar­gen­ti­na­ly hü­jüm­çi­si Gon­za­lo Hi­guai­ni trans­fer et­di. Bu trans­fer üçin 90 mil­li­on ýew­ro tö­län (oýun­çy­nyň şert­na­ma­sy esa­syn­da) tu­rin­li­ler 28 ýaş­ly hü­jüm­çi bi­len 5 ýyl­lyk yla­la­şyk ga­zan­dy. Hi­guain tä­ze klu­bun­dan ýyl­lyk 7 mil­li­on ýew­ro hak alar. Ge­çen möw­süm 35 oýun­da 36 gol ge­çi­rip, “Se­rie A-nyň” 87 ýyl­lyk re­kor­dy­na şä­rik bo­lan Hi­guain “Ýu­wen­tus­da” 9-njy bel­gi­de çy­kyş eder. Şun­luk­da, ol öň­ki to­pa­ry­nyň ýyl­dyz­la­ry Ga­ret Beýl (101 mil­li­on ýew­ro) we Kris­tia­no Ro­nal­do­dan (94 mil­li­on ýew­ro) soň, fut­bol dün­ýä­si­niň iň gym­mat 3-nji trans­fe­ri diý­lip ha­sa­ba alyn­dy. “Ýu­wen­tus” ök­de hü­jüm­çi­niň kar­ýe­ra­syn­da­ky 4-nji klub bo­lar. 2005-nji ýyl­da “Ri­wer Pleýt­de” fut­bo­la baş­lan Hi­guain 2007–2013-nji ýyl­lar­da “Re­al Mad­ri­diň” köý­nek­çe­si­ni geý­di. 2013-nji ýy­lyň tom­sun­da-da 40 mil­li­on ýew­ro “Na­po­li” to­pa­ry­na trans­fer bo­lup­dy. Ar­gen­ti­na­nyň mil­li ýy­gyn­dy­syn­da-da 63 oýun­da 30 gol ge­çi­ren Hi­guai­niň umu­my trans­fer­le­ri­niň ba­ha­sy 144 mil­li­on ýew­ro ýet­di. Şeý­le­lik­de, ol bu sa­naw­da-da An­hel Di Ma­ri­ýa (179 mil­li­on ýew­ro) we Zla­tan Ib­ra­hi­mo­wiç­den (169 mil­li­on ýew­ro) soň 3-nji ýe­ri eýe­le­ýär.
Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, Hi­guain “Ýu­wen­tu­syň” bu möw­süm­dä­ki 5-nji trans­fe­ri­dir. Şeýle-de to­par­yň fransiýaly oýunçysy Pol Pog­ba­nyň öňü­miz­dä­ki gün­ler­de “Man­çes­ter Ýu­naý­te­de” 130 mil­li­on ýew­ro ba­ha trans­fer bol­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.
Şert­na­ma­syn­da­ky “90 mil­li­on ýew­ro­ny ge­ti­ren alyp bi­ler” di­ýen mad­da la­ýyk­lyk­da, ýo­ka­ry ba­ha trans­fer edi­len Hi­guai­niň “Na­po­li­ni” terk et­me­gi to­pa­ryň jan­kö­ýer­le­ri­niň hem-de ýol­baş­çy­la­ry­nyň nä­gi­le­li­gi­ne se­bäp bol­dy. Onuň klu­by taş­lap, on­da-da “Ýu­wen­tu­sa” git­me­gi­ni dür­li-dür­li usul­lar bi­len ýaz­gar­dy­lar. Ýog­sam, jan­kö­ýer­ler ony Ma­ra­do­na­dan soň, klu­buň iň esa­sy oýun­çy­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de gö­rüp baş­lap­dy­lar.