6-njy few­ral­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň gün ter­ti­bi­ne ýur­du­my­zyň 2020-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­ny taý­ýar­la­mak, “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­syn­da” kes­git­le­nen we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler gi­ri­zil­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz il­ki bi­len Aş­ga­bat şä­he­ri­niň we Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­le­ri bi­len iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Olar paý­tag­ty­myz­da hem-de şu se­bit­de iş­le­riň ýag­da­ýy, ama­la aşy­ryl­ýan öz­gert­me­ler hem-de de­giş­li mak­sat­na­ma­lar, 2020-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tul­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew ýur­du­my­zyň baş şä­he­rin­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler, hu­su­san-da, şä­her dü­zü­mi­ni mun­dan beý­läk-de döw­re­bap­laş­dyr­mak bo­ýun­ça dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­bar ber­di. Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi S.Berdimuhamedow­ we­la­ýa­ty ös­dür­me­giň baş me­ýil­na­ma­sy we on­da kes­git­le­nen we­zi­pe­ler, şeý­le hem tä­ze, döw­re­bap eda­ra ediş mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gyn­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. Ha­sa­ba­tyň çäk­le­rin­de se­bit­de umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň, ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, söw­da mer­kez­le­ri­niň, sag­lyk öý­le­ri­niň we beý­le­ki me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy, ola­ryň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ýaý­baň­lan­dy­ry­lan iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat be­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň, şeý­le hem Türk­me­nis­ta­ny 2030-njy ýy­la çen­li se­na­gat­laş­dyr­mak bo­ýun­ça iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan mak­sat­na­ma­nyň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di.
Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýur­du­my­zy se­na­gat taý­dan ösen döw­le­te öwür­mek, tä­ze­çil usul­la­ra we in­no­wa­si­ýa­la­ra esas­lan­ýan yk­dy­sa­dy, dur­muş we eko­lo­gi­ýa taý­dan amat­ly teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­jeň or­naş­dyr­mak, mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gin­de mö­hüm äh­mi­ýe­ti bo­lan san­ly ul­ga­my äh­li ugur­lar bo­ýun­ça öz­leş­dir­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns be­ril­ýär. Şeý­le hem ýur­du­myz­da ýaý­baň­lan­dy­ry­lan giň möç­ber­li öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­la­ry­nyň ama­la aşy­ryl­ma­gy­na Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si­niň ag­za­la­ry­nyň iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy bel­lär­lik­li­dir.
Iş mas­la­ha­ty Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi Ý.Gy­ly­jo­wyň hem-de Le­bap we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi T.Ata­hal­ly­ýe­wiň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. Se­bit­le­riň ýol­baş­çy­la­ry hä­zir­ki dö­wür­de Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­mek ug­run­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän çä­re­ler, 2020-nji ýyl üçin ma­ýa go­ýum mak­sat­na­ma­sy­nyň taý­ýar­la­ny­ly­şy hem-de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­sy­nyň esa­sy ugur­la­ry­nyň ama­la aşy­ry­ly­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hä­zir­ki dö­wür­de Bal­kan we Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da äh­li amat­lyk­la­ry özün­de jem­le­ýän ýa­şa­ýyş jaý­la­ry­nyň we beý­le­ki me­de­ni-dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň gur­lu­şy­gy bat­ly dep­gin­ler­de al­nyp ba­ryl­ýar. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, ola­ryň gur­lu­şy­gy­na hu­su­sy kom­pa­ni­ýa­lar iş­jeň gat­naş­ýar­lar. Mu­nuň özi türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ägirt uly go­şant goş­ýan­dyk­la­ry­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, we­la­ýat­lar­da al­nyp ba­ryl­ýan giň möç­ber­li iş­le­riň, se­bit­le­riň hem­me­ta­rap­la­ýyn saz­la­şyk­ly ösü­şi­ne, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu iş­le­riň dep­gi­ni­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak ug­run­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Soň­ra hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ge­çir­ýän iş mas­la­ha­ty­na Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi N.Na­zar­my­ra­dow bi­len Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­ki­mi D.An­na­ber­di­ýew gat­naş­dy­lar. Olar ýol­baş­çy­lyk ed­ýän se­bit­le­rin­dä­ki iş­le­riň ýag­da­ýy hem-de ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni yzy­gi­der­li go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça gö­rül­ýän çä­re­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ýyn we eýe­çi­lik gör­nüş­le­ri ba­ba­tyn­da kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ni üp­jün ed­ýän san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­te aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň mak­sat­na­ma­syn­da bel­le­ni­len we­zi­pe­le­riň üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­ne türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň iş­jeň gat­naş­ýan­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­di.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz iş mas­la­ha­ty­ny Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ry­nyň hä­kim­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da do­wam et­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň ulag-ara­gat­na­şyk dü­zü­mi­ni ös­dür­mek, döw­re­bap ulag ýol­la­ry­ny, köp­rü­le­ri gur­mak me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da ýur­du­my­zyň we­la­ýat­la­ryn­da döw­re­bap ulag dü­zü­mi ke­ma­la ge­ti­ril­ýär. Mu­nuň özi se­bi­tiň mö­hüm ulag-üs­ta­şyr mer­ke­zi hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň eýe­le­ýän or­nu­ny pug­ta­lan­dyr­ma­gyň wa­jyp şer­ti bo­lup dur­ýar.
Hä­kim­le­riň ha­sa­bat­la­ryn­da “Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň ýur­du­my­zy 2019-2025-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mak­sat­na­ma­sy­na” la­ýyk­lyk­da, şol we­la­ýat­lar­da döw­re­bap aw­to­men­zil­le­riň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­di.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň tab­şy­ry­gy­na la­ýyk­lyk­da gur­lu­şy­gy ama­la aşy­ryl­jak ýo­lag­çy aw­to­men­zil­le­ri hä­zir­ki za­man ara­gat­na­şyk ul­ga­my, tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­lar we san­ly ul­gam bi­len en­jam­laş­dy­ry­lar. Bu bol­sa, aw­to­men­zil­ler­de al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýo­ka­ry hil de­re­je­si­niň üp­jün edil­me­gi­ni, ulag­la­ryň gat­na­wy­nyň saz­la­şy­gy­ny üp­jün eder.
Hä­zir­ki wag­ta çen­li aw­to­men­zil­le­riň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry taý­ýar­la­nyp, ola­ryň gur­lu­şy­gy­na gat­naş­jak ýer­li kom­pa­ni­ýa­lar kes­git­le­nil­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça gu­rul­jak aw­to­men­zil­ler­de ýo­lag­çy­lar we sü­rü­ji­ler üçin äh­li amat­ly şert­ler ýo­la goý­lar. Olar­da hyz­mat­lar ul­ga­my­na de­giş­li dü­züm­ler, in­ter­net we ara­gat­na­şyk ul­gam­la­ry ýo­lag­çy­la­ryň yg­ty­ýa­ryn­da bo­lar. Mu­nuň özi hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Mil­li Li­de­ri­miz hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­my­zyň se­na­gat we kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy­ny, şol san­da ulag dü­zü­mi­ni ös­dür­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny bel­läp, bu iş­le­riň ýur­du­my­zyň ila­ty­nyň dur­muş de­re­je­si­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na bol­şy ýa­ly, hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol aç­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
De­giş­li dü­züm­le­ýin des­ga­la­ryň we bi­na­la­ryň gu­rul­ma­gy ýur­du­my­zy mun­dan beý­läk-de dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­mek­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir di­ýip, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz sö­zü­ni do­wam et­di. Bal­kan, Da­şo­guz, Le­bap we Ma­ry we­la­ýat­la­ryn­da döw­re­bap ýo­lag­çy aw­to­men­zil­le­ri­niň gu­rul­ma­gy bu ugur­da no­bat­da­ky mö­hüm ädim­dir. Tä­ze aw­to­men­zil­le­riň do­lan­dy­ryş dü­zü­mi­ne iň tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň, san­ly ul­ga­myň or­naş­dy­ryl­ma­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­me­li­dir. Iň esa­sy bol­sa, olar­da hal­ky­myz üçin ze­rur bo­lan äh­li amat­lyk­lar üp­jün edil­me­li­dir. Mil­li Li­de­ri­miz we­la­ýat­lar­da döw­re­bap ýo­lag­çy aw­to­men­zil­le­ri­ni gur­mak ha­kyn­da­ky Ka­ra­ra gol çe­kip, hä­kim­le­re de­giş­li tab­şy­ryk­la­ry ber­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, hä­zir­ki dö­wür­de türk­men te­le­ke­çi­le­ri­niň güý­ji bi­len gur­lu­şy­gy al­nyp ba­ryl­ýan Aş­ga­bat — Türk­me­na­bat ýo­ka­ry tiz­lik­li aw­to­ba­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­ny we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­ri­ni iş­jeň­leş­dir­mek­de bol­şy ýa­ly, we­la­ýat­la­ryň we paý­tag­ty­my­zyň ýo­lag­çy aw­to­men­zil­le­ri­niň ara­syn­da saz­la­şyk­ly gat­na­şy­gy eme­le ge­tir­mek­de äh­mi­ýet­li­dir.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň aý­ra­tyn nyg­taý­şy ýa­ly, Türk­me­nis­tan se­bit bo­ýun­ça ulag-lo­gis­ti­ka we üs­ta­şyr ge­çel­ge­le­riň mö­hüm mer­ke­zi bol­mak bi­len hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag ýol­la­ry­nyň gur­lu­şy­gy­na aý­ra­tyn üns ber­ýär.
Mi­li Li­de­ri­miz bu ba­ra­da­ky gür­rü­ňi do­wam et­mek bi­len, we­la­ýat­lar­da gu­rul­jak ýo­lag­çy aw­to­men­zil­le­ri­ni en­jam­laş­dyr­mak me­se­le­si ba­ra­da du­rup ge­çip, bu des­ga­la­ryň hä­zir­ki döw­rüň ta­lap­la­ry­na we dün­ýä öl­çeg­le­ri­ne do­ly la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni nyg­ta­dy.
Mu­nuň özi se­bit­le­riň ara­syn­da ýo­lag­çy ulag­la­ry­nyň saz­la­şyk­ly gat­na­wy­nyň üp­jün edil­me­gi­niň we hal­ka­ra äh­mi­ýet­li ulag-üs­ta­şyr ge­çel­ge­si­niň mö­hüm bö­le­gi­niň dö­re­dil­me­gi­niň baş şer­ti­ni eme­le ge­tir­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz aýt­dy we bu ba­bat­da hä­kim­le­re anyk gör­kez­me­le­ri ber­di.
Mil­li Li­de­ri­miz iş mas­la­ha­ty­ny jem­läp, oňa gat­na­şan­la­ra berk jan sag­lyk, maş­ga­la aba­dan­çy­ly­gy­ny hem-de eziz Wa­ta­ny­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň, hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar­ly­gy­nyň bäh­bi­di­ne alyp bar­ýan iş­le­rin­de uly üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.