Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda elektroenergetika pudagy iň bir girdejili pudaklaryň birine öwrüldi. Bu pudagyň önümçilik kuwwatynyň has-da ösdürilmegi ugrunda iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlup, ulanmaga berlen gaz turbinaly elektrik beketleri we beýleki iri taslamalar elektroenergetika pudagynyň ösüşli menzillerini belende galdyrdy.
Häzirki wagtda hem bu pudaga degişli birnäçe iri hem-de halkara derejesinde taslamalar amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda ýurdumyzdaky halkalaýyn energoulgamy hem-de Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisini görkezmek bolar.
Golaýda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ýokary woltly elektrik geçirijisiniň ýurdumyzyň çäklerinden geçýän böleginiň düýbüniň tutulyş dabarasy boldy. Bu taslama ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasynyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga giň mümkinçilik berer. Mälim bolşy ýaly, bu taslamany durmuşa geçirmek üçin ýurdumyzyň Energetika ministrligi bilen Türkiýäniň “Çalyk Holding A.Ş.” kompaniýasynyň golçur kärhanasy bolup durýan “TAPP-500 Power Transmission Line FZE” kompaniýasy bilen degişli ylalaşyga gol çekilipdi. Ýurdumyzyň çäklerinde güýjenmesi 220 kW bolan elektrik geçiriji ulgamy “Mary GES – Hyrat şäheri” ugry boýunça Mary GES-den türkmen-owgan serhedine, Owganystan Yslam Respublikasyna çenli çekiler. Ony 2021-nji ýylyň awgust aýynda ulanmaga bermek maksat edinilýär.
Mundan başga-da ýurdumyzyň elektroenergetika pudagynyň kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berjek ýene-de bir iri taslama – Ahal – Balkan we Balkan – Daşoguz welaýatlarynyň arasynda halkalaýyn energoulgamydyr. Ahal welaýatynyň çäginden Balkanabat şäherine çenli uzynlygy 450 kilometr, güýjenmesi 220 kW bolan iki zynjyrly howa elektrik geçiriji ulgam, şeýle hem Daşoguz welaýatynyň çäginden Balkan welaýatyna çenli uzynlygy 560 kilometr, güýjenmesi 500 kW bolan howa elektrik geçiriji ulgamyny çekmek göz öňünde tutulýar. Taslama laýyklykda, bu howa elektrik geçirijiniň ugrunda güýjenmesi 500 kW barabar bolan iki sany we güýjenmesi 220 kW barabar bolan iki sany, jemi 4 sany elektrik bekedini gurmak meýilleşdirilýär. Göwrümi boýunça iri taslama ýurdumyzyň welaýatlaryny elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmegiň kepiline öwrüler. Mahlasy, şeýle iri taslamalar ýurdumyzyň ägirt uly energetika we ykdysady kuwwatyny bütin dünýä äşgär etmäge giň mümkinçilik döreder.
Döwlet Amannazarow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň
mugallymy.