Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişelik üns merkezinde saklanýar. Gökdepe etrabynyň çäginde Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynyň taslamasy taryhy ähmiýetli waka bolup durýar. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň ýurdumyzyň ähli künjeklerini gurşap alýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň geçen ýylyň aprel aýynda Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygyna badalga bermegi bu ugurda amala aşyrylýan çäreleriň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar.
Şeýlelikde, bu ýerde alnyp barylýan işler giň gerimde dowam edýär. Dürli maksatly desgalaryň gurluşygyna ýurdumyzyň hususy gurluşyk düzümleriniň işjeň gatnaşmagy, ýerli telekeçileriň möhüm ähmiýeti bolan giň möçberli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki döwürde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkezinde binalaryň we desgalaryň gurluşygyny öz wagtynda tamamlamak maksady bilen, gurluşykda daşary ýurtlardan getirilmegi zerur bolan enjamlaryň we materiallaryň bahasyny tölemek üçin Türkmenistanyň döwlet serişdelerinden ABŞ-nyň bir ýarym milliard dollaryna golaý serişdäni bölüp bermek hakyndaky çözgüdi kabul etmegi bu işleriň ilerlemeginiň möhüm şertini emele getirdi.
Milli Liderimiz Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyranda, guş uçar belentlikden bu künjekde alnyp barylýan işleri synlady. Ahal welaýatynyň täze döwrebap merkeziniň gurluşygyny iki tapgyrda 2019-2021-nji hem-de 2020-2022-nji ýyllarda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bellenilişi ýaly, bu ýerde bina edilýän desgalarda ýokary hil derejesi bilen ýaşaýyş, döredijilikli zähmet hem-de dynç alyş üçin ýokary amatlyklar göz öňünde tutular. Şol bir wagtyň özünde dürli maksatly binalaryň gurluşygy seýilgäh toplumlary bilen utgaşdyrylar. Bu bolsa täze merkeziň ýokary ekologiýa derejesini üpjün eder. Munuň özi milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyklara bildirilýän esasy talap bolup durýar.
Şöhrat Muhammedow,
A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk
mekdebiniň mugallymy.