Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik­li da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň köp san­ly ýur­dy bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik, ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry alyp bar­ýar. Hal­ka­ra gat­na­şyk­la­rda goň­şy ýurt­lar, dün­ýä­niň iri döw­let­le­ri, ola­ryň ha­ta­ryn­da Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy, Ame­ri­ka­nyň Bir­le­şen Ştat­la­ry, Ýa­po­ni­ýa, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­sy bi­len ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­lar ýo­ka­ry dep­gin­de al­nyp ba­ryl­ýar.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, şu ýy­lyň 24-25-nji few­ra­lyn­da Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň Du­baý şä­he­rin­de “Türk­me­nis­ta­nyň ne­bi­ti we ga­zy-2020” at­ly hal­ka­ra fo­ru­my ge­çi­ri­ler. Bu hal­ka­ra fo­ru­my­na gat­naş­mak üçin hä­zir­den dün­ýä­niň 20-den gow­rak ýur­dun­dan hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti bi­len bir ha­tar­da kom­pa­ni­ýa­la­ryň, gu­ra­ma­la­ryň we söw­da şe­re­ket­le­ri­niň 80-sin­den 200-den gow­rak we­kil­le­riň gat­naş­ma­ga is­leg bil­di­ren­di­gi mä­lim edil­di. Dün­ýä­niň iri ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň we­kil­le­ri ýur­du­my­zyň hö­kü­me­ti­niň ýol­baş­çy­la­ry bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ne­bit­gaz pu­da­gyn­da­ky ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry ba­ra­da pi­kir alyş­ma­ga müm­kin­çi­lik alar­lar.
2 gün do­wam ed­ýän fo­ru­myň çäk­le­rin­de “Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­dä­ki yg­ty­ýar­na­ma­ly ug­le­wo­do­rod ýa­tak­la­ry­ny öz­leş­dir­mek”, “Ozal­ky ýa­tak­la­ra iki­lenç önüm­çi­li­gi ama­la aşyr­mak üçin tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­lar or­naş­dyr­mak üçin ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek”, “Öz­leş­di­ril­me­gi kyn bo­lan ýa­tak­la­ra ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek”, “Gaz­hi­mi­ýa tas­la­ma­la­ry­na ma­ýa go­ýum­la­ry çek­mek”, “Türk­me­nis­tan-Ow­ga­nys­tan-Pa­kis­tan-Hin­dis­tan trans­mil­li gaz ge­çi­ri­ji­si­ni te­bi­gy gaz bi­len üp­jün et­mek üçin “Gal­ky­nyş” gaz kä­ni­niň se­na­gat taý­dan öz­leş­di­ril­me­gi­niň no­bat­da­ky tap­gy­ry­ny ama­la aşyr­mak” hem-de “Beý­le­ki ma­ýa go­ýum tas­la­ma­la­ry” bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­lar ge­çi­ri­ler.