Soňky ýyllarda Günden alynýan energiýa ýokary depginde ösýär. Bu ugurda yzygiderli maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilýär. Günden alynýan energiýa uly ähmiýet berýän ýurtlaryň hatarynda ABŞ-ny hem görkezmek bolar. Ýurduň Energetika maglumatlary edarasynyň hasaplamalaryna görä, Gün energiýasy umumy öndürilen elektrik energiýasynyň 3 göterimine deňdir. Mundan başga-da, ýurtda ýel we gidroelektrik beketleri hereket edýär.
Umuman, ABŞ-nyň Gün energiýa senagatynyň möçberi 17 milliard dollara deňdir. Soňky ýyllarda Günden elektrik energiýasyny almak üçin oturdylýan gurnamalaryň sany ýokarlanýar. 2050-nji ýylda Günden alynýan energiýanyň möçberi umumy elektrik energetikasynyň 17 göterimine deň bolar. Ýurtda bu ugurda birnäçe iri kompaniýalar iş alyp barýar. “Vivint Solar”, “Sunnova”, “SunPower”, “Sunrun”, “Enphase Energy”, “First Solar”, “Tesla” ýaly kompaniýalar özüniň gerimini giňeldýärler. Olar dürli batareýalary, Gün panellerini hem-de elektrik togy bilen işleýän ulaglar üçin güýç berýän enjamlary öndürýärler. Şu kompaniýalaryň arasynda “Tesla” şereketiniň bazar maýasy 159,9 milliard dollara deňdir.