2020-nji ýy­lyň ýan­war aýy Ýew­ro­pa­nyň ta­ry­hyn­da iň ma­ýyl aý­la­ryň bi­ri hök­mün­de ta­ry­ha gi­rer. Ýer şa­ryn­da ýy­lyň il­kin­ji aýyn­da ho­wa­nyň or­ta­ça tem­pe­ra­tu­ra­sy, 2016-njy ýy­lyň ýan­war aýy bi­len de­ňeş­di­re­niň­de, 0,03 de­re­je­den ýo­ka­ry bol­dy. Şeý­le­lik­de, sta­tis­ti­ki mag­lu­mat­la­ra la­ýyk­lyk­da, ýan­war aýy iň ma­ýyl aý­la­ryň bi­ri bol­dy. Bu ba­ra­da Ýew­ro­pa­nyň “Ko­per­nik” gul­lu­gy hem ha­bar ber­ýär.
Ýew­ro­pa se­bi­tin­de 2020-nji ýy­lyň ýan­war aýy 0,2 de­re­je ma­ýyl bol­dy. Adat­ça Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da gyş aý­la­ry ga­ty so­wuk bol­ýan bol­sa, ge­çen aý ýag­daý düýp­gö­ter üýt­ge­di. Ol hem Ýew­ro­pa ýurt­la­ryn­da dür­li te­bi­gy ha­dy­sa­la­rynyň eme­le gel­me­gi­ne ge­tir­di.