Dünýä belli “Apple” kompaniýasy sagatlarynyň satuwynda Şweýsariýanyň sagat senagatyndan öňe saýlandy. Häzirki wagtda “Apple” kompaniýasynyň goşar sagatlarynyň umumy sany Şweýsariýanyň sagat senagatynyň umumy möçberinden 45 göterim köpdür. Şeýlelikde, “Apple” şereketi 2019-njy ýylda 31 million sany smart sagat satdy. Bu barada “Strategy Analytics” kompaniýasynyň bilermenleri habar berýär.
Şweýsariýanyň sagat senagatynyň öňdebaryjy nyşanlary bolan “Swatch” hem-de “TAG Heuer” sagatlarynyň umumy söwdasy 21,1 million sana deň boldy.
“Strategy Analytics” kompaniýasynyň bilermeni Nil Moustonyň bellemegine görä, häzirki wagtda, esasan hem, ýaşlaryň elektron ulgamly sagatlary dakynmaga uly isleg bildirýändigi bellenildi. Bu babatda hem “Apple Watch” sagatlary has köp müşderi çekýär.