Dünýäniň iň iri sport ýaryşlarynyň biri bolan “Tur de Frans” welosiped bäsleşiginde Beýik britaniýaly Kristofer Frum ýeňiş gazandy. Ol 21 tapgyrdan ybarat bolan 3 müň 529 kilometrlik ýaryşy 89 sagat 6 minut 1 sekuntda tamamlap, “Tur de Fransdaky” 3-nji ýeňşini baýram etdi. “Sky” toparynyň piloty 2013-nji we 2015-nji ýyllarda-da çempion bolupdy. 103-nji gezek geçirilen “Tur de Fransyň” ýeňijisi Frumdan 2 minut 52 sekunt yza galan “Ag2r La Mondale” toparydan fransiýaly Roman Barde 2-nji, 3 minut 8 sekuntlyk az netije görkezen “Mowistar” toparynyň kolumbiýaly türgeni Nairo Kuintana 3-nji ýeri eýeledi.
Kristofer Frum “Tur de Fransda” 3 çempionlyk gazanan ilkinji britaniýaly welosipedçi diýlip hasaba alyndy. Galyberse-de, sary köýnekçäni bu möwsümem özünde saklamagy başaran Frum Fransiýa welosiped bäsleşiginde azyndan 3 gezek çempion bolan 8-nji türgen bolup, ol Eddi Merkiks, Bernard Hinau, Miguel Indurian, Žak Ankuet, Filipp Tis, Luison Bobe hem-de Greg LeMond dagynyň hataryna goşuldy. Şol sanda Kristofer Frum 1991–95-nji ýyllar aralygynda bassyr 5 çempionlyk gazanan Miguel Induriandan soň, “Tur de Fransda” yzly-yzyna ýeňiji bolan ilkinji türgen boldy.