Ten­nis bo­ýun­ça möw­sü­miň il­kin­ji “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şy “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” er­kek­le­riň ara­syn­da ser­bi­ýa­ly No­wak Jo­ko­wiç, ze­nan­lar­dan ame­ri­ka­ly So­fi­ýa Ke­nin ýe­ňiş ga­zan­dy. Umu­my pul gaz­na­sy 49 mil­li­on dol­la­ra deň bo­lan ýa­ryş­da çem­pi­on­la­ryň her haý­sy 2,75 mil­li­on dol­lar­lyk pul sy­la­gy­na-da my­na­syp bol­dy.

Ýa­rym fi­nal­da Ro­jer Fe­de­rer­den, üs­tün çy­kan No­wak Jo­ko­wiç fi­nal­da awst­ri­ýa­ly Do­mi­nik Tim bi­len du­şuş­dy. Oý­nuň 1-nji se­tin­de Jo­ko­wiç 6:4 ýe­ňiş ga­zan­dy. Ýö­ne 2-3-nji set­ler­de 6:4 we 6:2 ha­sap­lar bi­len ýe­ňiş ga­za­nan Tim 2:1 öňe saý­lan­dy. 4-nji set­de Jo­ko­wiç 6:3 ýe­ňiş ga­za­nyp, ha­sa­by deň­le­di. Du­şu­şy­gyň jem­leý­ji se­tin­de bol­sa, has er­jel­lik gör­ke­zen Jo­ko­wiç 6:4 ha­sap bi­len gar­şy­da­şyn­dan üs­tün çy­kyp, “Awst­ra­li­ýa Açyk” ten­nis ýa­ry­şyn­da­ky 8-nji çem­pi­on­ly­gy­ny baý­ram et­di. 32 ýaş­ly ten­nis­çi mun­dan ozal, “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” 2008-nji, 2011-nji, 2012-nji, 2013-nji, 2015-nji, 2016-njy, 2019-njy ýyl­lar­da ku­bo­gy eýe­läp­di. Şeýlelikde, Jokowiç “Awst­ra­li­ýa Açyk­da” öz rekordyny täzeledi. Bu onuň 17-nji “Uly tu­wul­ga” ku­bo­gy bo­lup, ol ATP-niň ýa­ryş­la­ryn­da 78-nji ge­zek çem­pi­on di­ýen ada my­na­syp bol­dy. Bäs­le­şik­den soň, ATP-niň sa­na­wyn­da 1-nji or­na beý­ge­len Jo­ko­wiç bir “Uly tu­wul­ga” ýa­ry­şyn­da 8 ge­zek ýe­ňiş ga­za­nan 3-nji ten­nis­çi bol­dy. Is­pa­ni­ýa­ly Ra­fa­el Na­dal “Ro­lan Gar­ros­da” 12, şweý­sa­ri­ýa­ly Ro­jer Fe­de­rer “Wimb­le­don­da” 8 ge­zek çem­pi­on­lyk ga­za­nyp­dy.