Formula 1 boýunça möwsümiň 11-nji bäsleşigi Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki 4381 kilometrlik “Hungaro ”trassasynda geçirildi. Ýaryşa “Mersedes” toparynyň germaniýaly sürüjisi Niko Rosberg 1-nji orundan başlady. Ýöne eýýäm 1-nji aýlawda topardaşy britaniýaly Lewis Hamilton ondan ozmagy başardy. 10-njy aýlawdan soň, aratapawudy 2 sekunda çykaran Hamilton pit-stoplardan-da ýalňyşsyz baş alyp çykdy. Ýagny, ol 18-nji we 42-nji aýlawlardaky pit-stoplardan soňam ornuny aldyrmady. Netijede, 70 aýlawy 1 sagat 40 minut 30,115 sekuntda tamamlan Hamilton pellehanadan ilkinji bolup geçdi. Ol bassyr 3-nji, möwsümdäki 5-nji hem-de karýerasyndaky 48-nji ýeňşini gazandy. Pellehana Hamiltondan 1,9 sekunt giç gelen Niko Rosberg 2-nji ýeri eýeledi. 3-nji orna-da ýeňijiden 27,5 sekunt yza galan “Red Bulluň” awstraliýaly piloty Daniel Rikkiardo mynasyp boldy.
Geçirilen Wengriýa “Gran Prisinden” soň, utuk sanyny 192-ä çykaran Lewis Hamilton sanawyň täze lideri boldy. Ornuny topardaşyna aldyran Niko Rosberg 186 utuk bilen 2-nji, 115 utukly Daniel Rikkiardo 3-nji hatarda barýar. Möwsümiň 12-nji bäsleşigi 31-nji iýulda Germaniýada geçiriler.