Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyzda köpçülikleýin sport halkara derejesinde ösdürilýär. Muňa ýurdumyzyň türgenleriniň yzygiderli gatnaşýan halkara sport ýaryşlary hem şaýatlyk edýär.
Ine, düýn Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde XXXI tomusky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan bat aldy. Türkmenistanyň ýygyndysy hem bu halkara sport ýaryşyna gatnaşýar. Bütindünýä oýunlaryna gatnaşyjylaryň ýaşaýan ýeri bolan Olimpiýa şäherjiginiň merkezi meýdançasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy dabaraly ýagdaýda ýokary galdyryldy. Biziň watandaşlarymyz we köpsanly tomaşaçylar dürli öwüşginli çykyşlaryň şaýatlary boldular. Ýurdumyzyň milli Senasy ýaňlanyp, Türkmenistanyň ýaşyl tugy öz mynasyp ornuny eýeledi. Bu waka biziň ýygyndy toparymyzyň Olimpiadadaky resmi derejesine şaýatlyk etdi. Wekiliýetiň düzümine diňe türgenler däl-de, eýsem, Sport baradaky döwlet komitetiniň, Milli Olimpiýa komitetiniň hem-de Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň wekilleri hem girdi. Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzümindäki agyr atletika boýunça ussatlarymyz Hojamuhammet Toýçyýew (105 kg-dan ýokary agram derejesinde) we Gülnabat Kadyrowa (69 kg çenli) şu ýylyň aprelinde geçirilen Aziýa çempionatynda Olimpiada ýollanmalary gazandylar.
Şeýle hem ýurdumyzyň olimpiýa ýygyndysynyň toparynda dzýudo boýunça halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamuratowa, Ruşana Nurjowowa (dzýudo), Amanmyrat Hommadow we Ýelena Rýabowa (ýeňil atletika), Merdan Ataýew bilen Darýa Semýonowa (suwda ýüzmek) dagy dünýäniň iň güýçli türgenleri bilen baýrakly orunlar üçin bäsleşerler. Biz hem ildeşlerimizden gowy netijelere garaşýarys, olaryň baýrakly orunlary eýelemegini arzuw edýäris!