Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik häsiýete eýe bolan döwletara gatnaşyklary barha pugtalanýar. Russiýanyň iri sebitleri, galyberse-de köp sanly iri kompaniýalary ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýärler. Muňa fewral aýynda ýurdumyza gelen “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowyň, “KAMAZ” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň baş direktory Sergeý Kogoginiň hem-de Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowyň saparlary hem aýdyň şaýatlyk edýär.
13-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglowy kabul etdi. Myhman milli Liderimize mähirli kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Diýarymyza gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny nygtady. Aleksandr Beglow döwlet Baştutanymyza ikitaraplaýyn gatnaşyklar meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Newanyň boýundaky şäheriň türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolan hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Milli Liderimiz Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri, esasy senagat we medeni merkezleri, şol sanda Sankt-Peterburg bilen göni hem-de netijeli gatnaşyklary ösdürmegiň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň esasy ugurlarynyň biridigini nygtady.
Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz we Sankt-Peterburgyň gubernatory hyzmatdaşlygyň anyk meseleleri boýunça pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrdylar. Söwda-ykdysady, energetika, gämigurluşyk, gazsenagat toplumy, IT-tehnologiýalary, hususan-da, täze “akylly şäherleriň” gurluşygynda ulanylýan tehnologiýalar hem-de kommunikasiýa ulgamynda tagallalary birleşdirmek, şol sanda degişli düzümi döwrebaplaşdyrmak we halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Şu babatda Türkmenistan netijeli başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi.
Ynsanperwer ulgam ýurdumyz bilen Sankt-Peterburgyň arasyndaky, tutuş türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýar. Bu babatda bilim hem-de ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak, ylym we medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Döwlet Baştutanymyz we şäheriň gubernatory Aleksandr Beglow bu baradaky gürrüňi dowam edip, şol ulgamda netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Bellenilişi ýaly, Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryny goldamak, taryhy hakydany aýawly saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, myhman Newanyň boýundaky şäheri goranlaryň hatarynda türkmenistanlylaryň hem bolandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz we myhman giň ugurlar boýunça işjeň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga taýýardyklaryny tassyklap, şeýle gatnaşyklaryň uzak möhletli özara bähbitlere, döwletara gatnaşyklaryň strategik ugruna laýyk gelýändigini bellediler.
Milli Liderimiziň däp bolan hyzmatdaşlygy ösdürmekde uly goşandynyň bardygyny belläp, Aleksandr Beglow döwlet Baştutanymyza geçirilen çuň mazmunly gepleşikler üçin hoşallyk bildirdi hem-de özüniň binagärlik keşbi, milli bezegleri hem-de ertekilerdäki ýaly gözelligi bilen haýran galdyrýan ak mermerli Aşgabadyň ýatdan çykmajak täsir galdyrandygyny aýtdy.
* * *
Şeýle hem Sankt-Peterburgyň gubernatorynyň ýurdumyza saparynyň barşynda Daşary işler ministrliginiň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi. Şolaryň barşynda esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Newanyň boýundaky şäheriň wekiliýetiniň Aşgabatda bolmagynyň maksatnamasyna A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp görmek çäresi, Sankt-Peterburgyň döredijilik toparlarynyň Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatryndaky konserti, myhmanlary paýtagtymyzyň ajaýyp ýerleri bilen tanyşdyrmak çäresi girizildi.