Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Agyr atletika boýunça geçirilen halkara raýdaşlyk çempionatynda türkmen pälwanlary şowly çykyş etdiler. 8-12-nji fewral aralygynda geçirilen 6-njy raýdaşlyk çempionatynda türkmen türgenleri dürli görnüşdäki medallaryň 7-sini gazandylar. Tokio – 2020 tomusky Olimpiýa oýunlarynyň saýlama tapgyrynyň çäklerindäki bu çempionata 37 ýurtdan 116 türgen gatnaşdy. Ýurdumyzyň adyndan 8 türgen çykyş etdi.
Ýaryşyň jemleýji gününde 109 kilogramdan ýokary derejede çykyş edýän ildeşimiz, Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 7-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Hojamuhammet Toýçyýew altyn medala mynasyp boldy. Ol silterläp götermekde 180 kg, itekläp götermekde 231 kg, jemi 411 kg agram derejesi bilen hemme türgenden rüstem gelip, münberiň iň ýokary basgançagyna çykdy.
Şeýle-de Mary welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 5-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Aýsoltan Toýçyýewa 87 kilogram agram derejede kümüş medala mynasyp boldy. Ildeşimiz silterläp götermekde 86 kg, itekläp götermekde-de 117 kg, jemi 203 kilogramy göterip, ikinji orny eýeledi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji we 4-nji ýyl talyplary, degişlilikde, Rüstem Annadurdyýew bilen Pirguly Pirgulyýew bürünç medal gazandylar. 81 kilogram agram derejesinde çykyş eden R.Annadurdyýew silterläp götermekde 147 kg, itekläp götermekde-de 179 kg, umumylykda, 326 kilogramy göterip, bürünç medaly eýeledi. P.Pirgulyýew bolsa, 89 kilo- gram agram derejesinde wekilçilik edip, ol umumylykda, 166 kg agramy göterdi.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 4-nji ýyl talyby Ýulduz Jumabaýewa hem üstünlikli çykyş etdi. 49 kilogram agram derejesinde ýaryşan ildeşimiz 72 kilogram agramy silterläp, 96 kilogram agramy bolsa itekläp göterdi. Jemi 168 kilogramy ýokary galdyran Ý.Jumabaýewa 2-nji orna mynasyp boldy.
Lebap welaýatynyň sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň Dänew şäheriniň 3-nji sport mekdebiniň agyr atletika boýunça tälimçisi Seýitjan Mirzaýew hem medal bilen dolanan türgenleriň hataryna goşuldy. Ol 61 kg agram derejesinde bäsleşip, silterläp we itekläp götermekde, degişlilikde, 130 kg we 150 kg, jemi 280 kilogram derejeler bilen bürünç medal gazandy.
Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby Kristina Şermetowa 55 kilogram agram derejesinde çykyş etdi. Türkmenistanly pälwan gyz silterläp götermekde 85, itekläp götermekde-de 110 kilogramy ýokary galdyrdy. Onuň umumylykda göteren 195 kilogramlyk agram derejesi, ildeşimizi münberiň 3-nji basgançagyna çykardy.