8-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Köpetdagyň özboluşly belent gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluny geçdi. Munuň özi milli jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkidilmeginde döwlet Baştutanymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmak babatdaky nusgalyk göreldesiniň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Milli Liderimiz Saglyk ýolunyň tutuş dowamynda dag gerişlerinden demirgazyga uzaýan giňişlikleri, bu künjekde döredilen tokaý zolaklaryny synlady. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, ynsan kalby üçin tenekar bolan tämiz dag howasy, tebigatyň ajaýyp görnüşleri adamlaryň saglygy üçin wajypdyr, çünki munuň özi ynsanyň ruhuny göterýär. Şu günler Saglyk ýolunyň töwerekleri bahar paslynyň golaýlap gelýändigini buşlaýar. Ýakyn wagtda bu ýerlerde baglar we ösümlikler gül açyp, dürli öwüşgünli, özboluşly bezeg berer.
Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýoly sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdarlarynyň, aşgabatlylaryň hem-de paýtagtymyzyň myhmanlarynyň köpçülikleýin dynç alýan künjegine, iri sport-köpçülikleýin we medeni çäreleriň geçirilýän ýerine öwrüldi. Saglyk ýoly arassa howada gezelenç etmek, dem-dynjyny almak isleýänleriň iň köp barýan ýerleriniň biridir. Onuň eteginde çagalaryň dynç almaklary üçin ýörite hiňňildikler we beýleki güýmenjeler bar. Bu ýerdäki seýilgähe maşgalalary bilen barýan dürli ýaşly çagalar arassa tebigatyň jümmüşinde ylgap, top oýnap hezil edýärler. Saglyk ýolunyň basgançaklaryndan birnäçe metr ýokarlygyna çykylanda bolsa, giň meýdany tutup oturan gözel paýtagtymyzyň keşbini synlap bolýar. Saglyk ýoly hemişe-de köp adamly. Güneşli Diýarymyzyň bu künjeginiň myhmanlary howanyň az-kem maýlamagy bilen has hem köpelýär. Gyşyn-ýazyn gök öwsüp, tebigata bezeg berip oturan dürli agaçlar ruhuňy göterýär. Ýerden çykyp gelýän gök otjagazlar bolsa, bahar paslynyň barha golaýlaýandygyny buşlaýar.
Saglyk ýoluna geliň, saglygyňyzy berkidiň!