Birleşen Milletler Guramasynyň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň 2019-njy ýyl boýunça hasabatlaryna laýyklykda, geçen ýyl iň köp syýahatçy kabul eden ýurtlaryň sanawy taýýarlandy. Şol sanawda Fransiýa Respublikasy öňdeligi eýeledi. Pariž, Lion we beýleki köp sanly owadan şäherleri özünde jemleýän Fransiýa 90 milliondan gowrak daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdi. Pariždäki Luwr muzeýi hem-de Eýfel diňi syýahatçylaryň arzyly mekanlaryna öwrüldi. Mundan başga-da, sanawda Fransiýa bilen bir hatarda Ýewropanyň Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa hem-de Beýik Britaniýa ýaly ýurtlary hem öňdeligi eýeledi.
Syýahatçylyk guramasynyň
taýýarlan sanawy:
1) Fransiýa: 90,2 million syýahatçy.
2) Ispaniýa: 83,8 million syýahatçy.
3) ABŞ: 78,7 million syýahatçy.
4) Hytaý: 67,5 million syýahatçy.
5) Italiýa: 64,6 million syýahatçy.
6) Türkiýe: 52,5 million syýahatçy.
7) Meksika: 44,9 million syýahatçy.
8) Tailand: 39,7 million syýahatçy.
9) Germaniýa: 39,4 million syýahatçy.
10) Angliýa: 36,9 million syýahatçy.