Dünýä belli “Shell” nebit kompaniýasy girdejilerini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen Gün bekedini gurmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa bu taslamasyny Awstraliýanyň Kwinslend ştatynda amala aşyrar. Bu ýerde 400 müň panel gurnalyp, elektrik bekediniň kuwwaty 120 Mwt-a deň bolar. Bu taslama her ýyl howany hapalaýan kömürturşy gazynyň 300 müň tonnasyny azaltmaga ýardam eder.
Maksatnama laýyklykda, elektrik bekediniň gurluşygy 2021-nji ýylda tamamlanar. Ol täze iş ornunyň 200-siniň döredilmegine mümkinçilik berer.
“Shell” kompaniýasynyň Awstraliýadaky ýolbaşçysy Toni Nunanyň bellemegine görä, geljekde Gün energiýasyna ählumumy energiýa ulgamynda möhüm orun degişli bolar. Ilkinji nobatda, bu Kwinslend sebiti üçin möhümdir. Sebäbi bu ýerde Gün energiýasynyň akymy has-da güýçlüdir.
“Shell” kompaniýasynyň esasy iş ugry nebit çykarmakdyr. 2018-nji ýylda kompaniýa bir günde 3,7 million barrel nebit öndürdi we 71 million tonna suwuklandyrylan gaz satdy.
Begençmuhammet NURYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.