Rio-2016-dan gysgaça habarlar
* 6-njy awgustda uly dabara bilen başlanan XXXI tomusky Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji medalyny belgiýaly welosipedçi Greg Wan Awermaet gazandy. Bu onuň ilkinji Olimpiýa medalydyr.
* Ýer eýesi Braziliýa bu Olimpiadadaky ilkinji altyn medalyny dzýudo sportundan gazandy. 57 kilogram agramda çykyş eden Rafaela Silwa atly zenan pälwan finalda mongoliýaly Dorjsurengiin Sumiýaany ýeňlişe sezewar etdi. Braziliýanyň Rio – 2016-daky ilkinji medaly-da nyşana ok atmak sportunyň 10 metrden sapança atmak görnüşinden gazanylyp, Felipe Almeida Wu kümüş medal almagy başardy.
* Ilkinji gezek gatnaşýan Kosowo döwleti 1-nji Olimpiýa medalyny gazandy. Dzýudo boýunça 52 kilogram agramda çykyş eden Maýlinda Kelmendi finalda italiýaly Odette Jiuffridan üstün çykyp, altyn medala mynasyp boldy.
* Tennis ýaryşlarynda esasy faworitlerden erkekleriň arasynda serbiýaly Nowak Jokowiç 1-nji tapgyrda argentinaly Huan del Potrodan asgyn gelip, öýüne dolanmaly boldy. Ol 2012-nji ýylda-da bürünç medal ugrundaky oýunda hem Del Potrodan utulypdy. Altyn medalyň beýleki esasy dalaşgärlerinden Endi Mýurreý, Rafael Nadal, Kei Nişikori, Monfils, Çiliç häzirlikçe ýoluny dowam etdirýär.
* Tennis boýunça zenanlaryň arasynda ýekelikde 2-nji Olimpiýa altynyna ymtylýan 1-nji belgili Serena Williams 3-nji tapgyrda ukrainaly Ýelina Switolinadan utuldy. Şeýle-de, Muguruza, A. Radwanska dagy hem Olimpiada bilen hoşlaşdy.
* Ilkinji gezek Olimpiadanyň maksatnamasyna girizilen regbi 7 sport görnüşinde zenanlaryň arasynda Awstraliýanyň ýygyndysy altyn medala mynasyp boldy. Olar finalda Täze Zelandiýanyň gyzlaryny 24–17 hasabynda utup, bu ugurda ilkinji çempion topar bolmagy başardy. Bürünç medaly-da Beýik Britaniýany 33-10 hasabynda ýeňen Kanada eýeledi. Şeýle-de regbi 7 sportunda erkekleriň arasynda Fižiniň ýygyndysy ýeňiji boldy. Finalda Beýik Britaniýany utan Fiži döwleti Olimpiýa oýunlaryndaky ilkinji medalyny gazandy.
* Italiýaly nyşana ok atyjy Jiowanni Pellielo tomusky Olimpiýa oýunlarynda 4-nji gezek çykyş edýär. Ol 3-nji sapar kümüş medal alyp, bu gezek hem altyn medal arzuwyny indiki Olimpiada goýmaly boldy. Pellielo 2000-nji ýylda-da bürünç medal alypdy.
* Atçylyk sportunyň üçleme görnüşinde (seýislemek, atly gezelenç, manežlerden bökmek) germaniýaly Mihael Ýung London Olimpiadasyndan soň, Rioda-da altyn medala mynasyp boldy.
* Welosportda zenanlaryň arasyndaky wagt ýaryşynda amerikaly Kristin Armstrong bassyr 3-nji altyn medalyny gazandy. Ol Pekindir Londonda-da pellehana hemmeden öňürti gelipdi.
* Futbol ýaryşynda toparçadaky oýunlar tamamlanyp, Olimpiýa ýygyndylary şu günden başlap utulan çykdy oýunlaryny oýnarlar. Erkekleriň arasynda çärýek final oýunlary: Braziliýa–Kolumbiýa, Günorta Koreýa–Gonduras, Nigeriýa–Daniýa, Portugaliýa–Germaniýa. Zenanlaryň arasynda çärýek finalyň oýunlary: Braziliýa–Awstraliýa, ABŞ–Şwesiýa, Kanada–Fransiýa, Hytaý–Germaniýa.
* Özbegistanly gimnastikaçy, 41 ýaşyndaky Oksana Çusowitina 7-nji Olimpiadasyna gatnaşdy. Ol muny başaran 2 gimnastikaçy zenanyň biridir. 1992-nji ýylda Birleşen toparyň (GDA), 2008-nji we 2012-nji ýyllarda-da Germaniýanyň adyndan wekilçilik eden Çusowitinanyň bir altyn (1992), birem kümüş (2008) medaly bar.
* Welosiped sportunyň ýol ýaryşlary tamamlanyp, 4 medallar toplumynyň-da ýeňijileri belli boldy. Adaty ýol we wagt bäsleşiklerinde Gollandiýa her medaldan birini almagy başardy. Şeýle-de ABŞ, Şweýsariýa, Belgiýa 1 altyn, Daniýa, Şwesiýa, Russiýa 1 kümüş hem-de B.Britaniýadyr Italiýa we Polşa 1 bürünç medal gazandy.
* Nyşana ok atyjy Hoang Suan Win 1 altyn, 1 kümüş medal gazandy. Ol Wýetnama ilkinji altyn medalyny gazandyran türgendir.
* Asly kuweýtli Fehaid Al-Deehani Garaşsyz Olimpiadaçylar hökmünde medal alan ilkinji türgen diýlip hasaba alyndy.
Felpsiň altyn medallary
Olimpiada taryhynyň iň köp altyn medally türgeni amerikaly ýüzüji Maýkl Felps medallarynyň sanyny artdyrmagyny dowam edýär. Rio Olimpiadasyna çenli 18 altyn medaly bar bolan 31 ýaşly Felps olaryň hataryna ýene-de 4-sini goşdy. Afinyda 2 bürünç, Londonda-da 2 kümüş alan Felps Rioda 200 metr kebelekleýin, 200 metr toplumlaýyn hem-de topary bilen 4×100 we 4×200 metr ýüzmek ýaryşlarynda altyn medala mynasyp boldy. Häzirki wagtda Maýkl Felpsiň 22 altyn, 2 kümüş we 2 bürünç jemi 26 medaly bar.
MEDAL ALANLAR (6-12-nji awgust)
1-NJI GÜN
ÝAÝDAN OK ATMAK
Toparlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Günorta Koreýa (Kim Woo-jin, Ku Bon-çan, Li Seung-ýun)
Kümüş medal: ABŞ (Bredi Ellison, Zek Garrett, Jeýk Kaminski)
Bürünç medal: Awstraliýa (Alek Potts, Raýan Týak, Teýlor Wort)
GYLYÇLAŞMAK
Epee (zenanlar)
Altyn medal: Emese Sass (Wengriýa)
Kümüş medal: Rossella Fiamingo (Italiýa)
Bürünç medal: Sun Ýiwen (Hytaý)
DZÝUDO
48 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Paula Pareto (Argentina)
Kümüş medal: Žeong Bo-kýeong (Günorta Koreýa)
Bürünç medal: Galbadrahyn Otgonsetseg (Gazagystan), Ami Kondo (Ýaponiýa)
DZÝUDO
60 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Beslan Mudranow (Russiýa)
Kümüş medal: Ýeldos Smetow (Gazagystan)
Bürünç medal: Diýorbek Uruzboýew (Özbegistan), Naohisa Takato (Ýaponiýa)
AGYR ATLETIKA
48 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Sopita Tanasan (Tailand) – 200 kilogram
Kümüş medal: Sri Wahýuni Agustiani (Indoneziýa) – 192 kilogram
Bürünç medal: Hiromi Miýake (Ýaponiýa) – 188 kilogram
WELOSIPED
Ýol ýaryşy (erkekler)
Altyn medal: Greg Wan Awermaet (Belgiýa) – 6:10:05 sagat
Kümüş medal: Ýakob Fuglsang (Daniýa) – 6:10:05 sagat
Bürünç medal: Rafal Maýka (Polşa) – 6:10:10 sagat
NYŞANA OK ATMAK
10 metr, tapança (erkekler)
Altyn medal: Hoang Şuan Winh (Wýetnam) – 202,5 utuk
Kümüş medal: Felipe Almeida Wu (Braziliýa) – 202,1 utuk
Bürünç medal: Pang Wei (Hytaý) – 180,4 utuk
NYŞANA OK ATMAK
10 metr, tüpeň (zenanlar)
Altyn medal: Wirjinia Traşer (ABŞ) – 208 utuk
Kümüş medal: Du Li (Hytaý) – 207 utuk
Bürünç medal: Ýi Siling (Hytaý) – 185,4 utuk
ÝÜZMEK
400 metr erkin (erkekler)
Altyn medal: Mek Horton (Awstraliýa) – 3:41,55 minut
Kümüş medal: Sun Ýang (Hytaý) – 3:41,68 minut
Bürünç medal: Gabriele Detti (Italiýa) – 3:43,49 minut
ÝÜZMEK
400 metr toplumlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Kosuke Hagino (Ýaponiýa) – 4:06,05 minut (Aziýa rekordy)
Kümüş medal: Çeýs Kalis (ABŞ) – 4:06,75 minut
Bürünç medal: Daiýa Seto (Ýaponiýa) – 4:09,71 minut
ÝÜZMEK
400 metr toplumlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Katinka Kossu (Wengriýa) – 4:26,36 minut (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Maýa DiRado (ABŞ) – 4:31,15 minut
Bürünç medal: Mireia Belmonte (Ispaniýa) – 4:32,39 minut
ÝÜZMEK:
4×100 metr erkin toparlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Awstraliýa (E. MakKeon, B. Elmsli, B. Kampbell, K. Kampbell) – 3:30,65 minut (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: ABŞ (S. Manuel, A. Weitzeil, D. Wollmer, K. Ledeki) – 3:31,89 minut
Bürünç medal: Kanada (S. Meýnwill, Ç. W. Landegem, T. Rak, P. Oleksiak) – 3:32,89 minut
2-NJI GÜN
ÝAÝDAN OK ATMAK
Toparlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Günorta Koreýa (Çeng Hýe-jin, Çoi Mi-sun, Ki Bo-bae)
Kümüş medal: Russiýa (T. Daşidoržiýewa, Kseniýa Perowa, Inna Stepanowa)
Bürünç medal: Hytaý Taýpei (Le Çeng-ýing, Lin Şih-çia, Tan Ýa-ting)
WELOSIPED
Ýol ýaryşy (zenanlar)
Altyn medal: Anna wan der Breggen (Gollandiýa) – 3:51:27 sagat
Kümüş medal: Emma Ýohansson (Şwesiýa)
Bürünç medal: Elisa Longo Borgini (Italiýa)
SUWA BÖKMEK
3 metr, sinhronlaýn tramplin (zenanlar)
Altyn medal: Hytaý (Şi Tingmao bilen Wu Minşia) – 345,60 utuk
Kümüş medal: Italiýa (Tania Kagnotto bilen Françeska Dallape) – 313,83 utuk
Bürünç medal: Awstraliýa (Maddison Kineý bilen Anabelle Smit) – 299,19 utuk
GYLYÇLAŞMAK
Foil (erkekler)
Altyn medal: Daniele Garazzo (Italiýa)
Kümüş medal: Aleksandr Massialas (ABŞ)
Bürünç medal: Timur Safin (Russiýa)
DZÝUDO
66 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Fabio Basile (Italiýa)
Kümüş medal: An Ba-Ul (Günorta Koreýa)
Bürünç medal: Masaşi Ebinuma (Ýaponiýa), Rişod Sabirow (Özbegistan)
DZÝUDO
52 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Maýlinda Kelmendi (Kosowo)
Kümüş medal: Odette Juiffrida (Italiýa)
Bürünç medal: Nataliýa Kuziutina (Russiýa), Misato Nakamura (Ýaponiýa)
NYŞANA OK ATMAK
10 metr, tapança (zenanlar)
Altyn medal: Ženg Mengşue (Hytaý) – 199,4 utuk (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Witalina Batsaraşkina (Russiýa) – 197,1 utuk
Bürünç medal: Anna Korakaki (Gresiýa) – 177,7 utuk
NYŞANA OK ATMAK
Trep (zenanlar)
Altyn medal: Katerine Skinner (Awstraliýa) – 12 utuk
Kümüş medal: Natalie Runi (Täze Zelandiýa) – 11 utuk
Bürünç medal: Koreý Kodjell (ABŞ) – 10 utuk
ÝÜZMEK
100 metr brass (erkekler)
Altyn medal: Adam Piti (Beýik Britaniýa) – 57,13 sekunt (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Kameron wan der Burg (Günorta Afriika) – 58,69 sekunt
Bürünç medal: Kodi Miller (ABŞ) – 58,87 sekunt
ÝÜZMEK
4X100 metr erkin (erkekler)
Altyn medal: ABŞ (R. Held, K. Dressel, M. Felps, N. Adrian) – 3:09,92 minut
Kümüş medal: Fransiýa – 3:10,53 minut
Bürünç medal: Awstraliýa – 3:11,37 minut
ÝÜZMEK
400 metr erkin (zenanlar)
Altyn medal: Keýti Ledeki (ABŞ) – 3:56,46 minut (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Jazmin Karlin (Beýik Britaniýa) – 4:01,23 minut
Bürünç medal: Lea Smit (ABŞ) – 4:01,92 minut
ÝÜZMEK
100 metr kebelekleýin (zenanlar)
Altyn medal: Sarah Sýöström (Şwesiýa) – 55,48 sekunt (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Penni Oleksiak (Kanada) – 56,46 sekunt
Bürünç medal: Dana Wollmer (ABŞ) – 56,63 sekunt
AGYR ATLETIKA:
56 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Long Kingkuan (Hytaý) – 307 kilogram (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Om Ýun-Çol (Demirgazyk Koreýa) – 303 kilogram
Bürünç medal: Sinfet Kruaithong (Tailand) – 289 kilogram
AGYR ATLETIKA
53 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Hsu Şu-Çing (Hytaý Taýpei) – 212 kilogram
Kümüş medal: Hidilin Diaz (Filippinler) – 200 kilogram
Bürünç medal: Ýun Jin-Hi (Günorta Koreýa) – 199 kilogram
3-NJI GÜN
SUWA BÖKMEK
Sinhronlaýyn 10 metr platformadan (erkekler)
Altyn medal: Çen Aisen bilen Lin Ýue (Hytaý) – 496,98 utuk
Kümüş medal: Dewid Budia bilen Stile Jonson (Beýik Britaniýa) – 457,11 utuk
Bürünç medal: Tom Daleý bilen Daniel Gudfellow (ABŞ) – 444,45 utuk
GYLYÇLAŞMAK
Sabre (zenanlar)
Altyn medal: Ýana Egorian (Russiýa)
Kümüş medal: Sofiýa Welikaýa (Russiýa)
Bürünç medal: Olga Harlan (Ukraina)
SPORT GIMNASTIKASY
Toparlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Ýaponiýa (R. Kato, K. Şirai, Ý. Tanaka, K. Ýamamuro, K. Uçimura) – 274,094 utuk
Kümüş medal: Russiýa (D. Ablýazin, D. Belýawskiý, I. Stretowiç, N. Kuksenkow, N. Nagornyý)–271,453 utuk
Bürünç medal: Hytaý (D. Şudi, L. Çaopan, L. Ýang, Ý. Hao, Ž. Çenglong) – 271,122 utuk
DZÝUDO
73 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Şohei Ono (Ýaponiýa)
Kümüş medal: Rustam Orujow (Azerbaýjan)
Bürünç medal: Laşa Şawdatuaşwili (Gruziýa), Dirk Wan Tiçelt (Belgiýa)
DZÝUDO
57 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Rafaela Silwa (Braziliýa)
Kümüş medal: Dorjsürengiin Sumiýaa (Mongoliýa)
Bürünç medal: Telma Monteiro (Portugaliýa), Kaori Matsumoto (Ýaponiýa)
REGBI – 7
Zenanlar
Altyn medal: Awstraliýa
Kümüş medal: Täze Zelandiýa
Bürünç medal: Kanada
NYŞANA OK ATMAK
10 metr, tüpeň (erkekler)
Altyn medal: Nikkolo Kampriani (Italiýa) – 206,1 utuk (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Sergeý Kuliş (Ukraina) – 204,6 utuk
Bürünç medal: Wladimir Maslennikow (Russiýa) – 184,2 utuk
NYŞANA OK ATMAK
Trep (erkekler)
Altyn medal: Ýosip Glasnowiç (Horwatiýa)
Kümüş medal: Jiowanni Pellielo (Italiýa)
Bürünç medal: Edward Ling (Beýik Britaniýa)
ÝÜZMEK
200 metr erkin (erkekler)
Altyn medal: Sun Ýang (Hytaý) – 1:44,65 minut
Kümüş medal: Çad Le Klos (Günorta Afrika) – 1:45,20 minut
Bürünç medal: Konor Dawýer (ABŞ) – 1:45,23 minut
ÝÜZMEK
100 metr arkanlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Raýn Mörfi (ABŞ) – 51,97 sekunt (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Ksu Žiaýu (Hytaý) – 52,31 sekunt
Bürünç medal: Dewid Plummer (ABŞ) – 52,40 sekunt
ÝÜZMEK
100 metr arkanlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Katinka Hossu (Wengriýa) – 58,45 sekunt
Kümüş medal: Katlin Beýker (ABŞ) – 58,75 sekunt
Bürünç medal: Kaýli Masse (Kanada), Fu Ýuanhui (Hytaý) – 58,76 sekunt
ÝÜZMEK
100 metr brass (zenanlar)
Altyn medal: Lilli King (ABŞ) – 1:04,93 minut (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Ýuliýa Ýefimowa (Russiýa) – 1:05,50 minut
Bürünç medal: Keýti Meilli (ABŞ) – 1:05,69 minut
AGYR ATLETIKA
62 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Oskar Figueroa (Kolumbiýa) – 318 kilogram
Kümüş medal: Eko Ýuli Irawan (Indoneziýa) – 312 kilogram
Bürünç medal: Farhad Harki (Gazagystan) – 305 kilogram
AGYR ATLETIKA
58 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Sukanýa Srisurat (Tailand) – 240 kilogram (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Primsiri Sirikaew (Tailand) – 232 kilogram
Bürünç medal: Kuo Hsing-Çun (Hytaý Taýpei) – 231 kilogram
4-NJI GÜN
KANOE
Slalom K-1 (erkekler)
Altyn medal: Denis Gargaud Şanu (Fransiýa) – 94,17 sekunt
Kümüş medal: Matež Benus (Slowakiýa) – 95,02 sekunt
Bürünç medal: Takuýa Haneda (Ýaponiýa) – 97,44 sekunt
SUWA BÖKMEK
10 metr, sinhronlaýn platforma (zenanlar)
Altyn medal: Çen Ruolin bilen Liu Huişia (Hytaý) – 354,00 utuk
Kümüş medal: Çeong Jun Hoong bilen Pandelela Rinong (Malaýziýa) – 344,34 utuk
Bürünç medal: Megan Benfeito bilen Roselin Filion (Kanada) – 336,18 utuk
ATÇYLYK SPORTY
Üçleme
Altyn medal: Mihael Ýung (Germaniýa) – 40,90 utuk
Kümüş medal: Astie Nikolas (Fransiýa) – 42,00 utuk
Bürünç medal: Kris Berton (Awstraliýa) – 45,60 utuk
ATÇYLYK SPORTY
Toparlaýyn
Altyn medal: Fransiýa (K. Lagua, T. Wallette, M. Lemoin, A. Nikolas)
Kümüş medal: Germaniýa (J. Kraýewski, S. Auffart, I. Klimke, M. Ýung)
Bürünç medal: Awstraliýa (Ş. Rouz, S. Tinneý, S. Griffits, K. Berton)
GYLYÇLAŞMAK
Şpaga (erkekler)
Altyn medal: Park San-Ýon (Günorta Koreýa)
Kümüş medal: Geza Imre (Wengriýa)
Bürünç medal: Gotýe Grumýe (Fransiýa)
SPORT GIMNASTIKASY
Toparlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: ABŞ (S. Baýles, G. Duglas, L. Hernandes, M. Kosian, A. Raisman) – 184,897 utuk
Kümüş medal: Russiýa (A.Melnikowa, A.Mustafina, M.Paseka, D.Spiridonowa, S.Tuthalýan) – 176,688 utuk
Bürünç medal: Hytaý (F. Ýilin, M. Ýi, Ş. Çunson, T. Žiaksin, W. Ýan) – 176,003 utuk
DZÝUDO
81 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Hasan Halmurzaýew (Russiýa)
Kümüş medal: Trawis Stiwens (ABŞ)
Bürünç medal: Sergiu Toma (BAE), Takanori Nagase (Ýaponiýa)
DZÝUDO
63 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Tina Trstenýan (Sloweniýa)
Kümüş medal: Klarisse Agbegnenu (Fransiýa)
Bürünç medal: Ýarden Gerbi (Ysraýyl), Anika Wan Emden (Gollandiýa)
NYŞANA OK ATMAK
25 metr, sapança (zenanlar)
Altyn medal: Anna Korakaki (Gresiýa)
Kümüş medal: Monika Karş (Germaniýa)
Bürünç medal: Heidi Diethelm Gerber (Şweýsariýa)
ÝÜZMEK
200 metr kebelekleýin (erkekler)
Altyn medal: Maýkl Felps (ABŞ) – 1:53,36 minut
Kümüş medal: Masato Sakai (Ýaponiýa) – 1:53,40 minut
Bürünç medal: Tamaş Kenderesi (Wengriýa) – 1:53,62 minut
ÝÜZMEK
4×200 metr estafeta (erkekler)
Altyn medal: ABŞ (K. Dawýer, T. Haas, R. Lohte, M. Felps) – 7:00,66 minut
Kümüş medal: Beýik Britaniýa (S. Milne, D. Skott, D. Wallas, J. Gaý) – 7:03,13 minut
Bürünç medal: Ýaponiýa (K. Hagino, N. Ehara, Ý. Kobori, T. Matsuda) – 7:03,50 minut
ÝÜZMEK
200 metr erkin (zenanlar)
Altyn medal: Keýti Ledeki (ABŞ) – 1:53,73 minut
Kümüş medal: Sarah Sýöström (Şwesiýa) – 1:54,08 minut
Bürünç medal: Emma MakKeon (Awstraliýa) – 1:54,92 minut
ÝÜZMEK
200 metr toplumlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Katinka Hossu (Wengriýa) – 2:06,58 minut (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Siobhan-Marie O’Konnor (Beýik Britaniýa) – 2:06,88 minut
Bürünç medal: Maýa DiRado (ABŞ) – 2:08,79 minut
AGYR ATLETIKA
63 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Deng Wei (Hytaý) – 262 kilogram (Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Çoe Hýo-sim (Demirgazyk Koreýa) – 248 kilogram
Bürünç medal: Karina Goriçewa (Gazagystan) – 243 kilogram
5-NJI GÜN
KANOE
Slalom K-1 (erkekler)
Altyn medal: Ýosef Klark (Beýik Britaniýa) – 88,53 sekunt
Kümüş medal: Piter Kauzer (Sloweniýa) – 88,70 sekunt
Bürünç medal: Ýiri Prskaweç (Çehiýa) – 88,99 sekunt
WELOSIPED
Ýol ýaryşy, wagt (erkekler)
Altyn medal: Fabian Kansellara (Şweýsariýa) – 1:12:15,42 sagat
Kümüş medal: Tom Dumolin (Gollandiýa) – 1:13:02,83 sagat
Bürünç medal: Kris Frum (Beýik Britaniýa) – 1:13:17,54 sagat
WELOSIPED
Ýol ýaryşy, wagt (zenanlar)
Altyn medal: Kristin Armstrong (ABŞ) – 44:26,42 minut
Kümüş medal: Olga Zabelinskaýa (Russiýa) – 44:31,97 minut
Bürünç medal: Anna wan der Breggen (Gollandiýa) – 44:37,80 minut
SUWA BÖKMEK
3 metr, sinhronlaýyn tramplin (erkekler)
Altyn medal: Kris Mirs bilen Jek Lauger (Beýik Britaniýa) – 454,32 utuk
Kümüş medal: Sem Dorman bilen Maýkl Hikson (ABŞ) – 450,21 utuk
Bürünç medal: Çao Ýuan bilen Kin Kai (Hytaý) – 443,70 utuk
GYLYŞLAŞMAK
Sablýa (erkekler)
Altyn medal: Aron Silagýi (Wengriýa)
Kümüş medal: Daril Homer (ABŞ)
Bürünç medal: Kim Žun-hwan (Günorta Koreýa)
GYLYÇLAŞMAK
Rapira (zenanlar)
Altyn medal: Inna Deriglazowa (Russiýa)
Kümüş medal: Eliza Di Françiska (Italiýa)
Bürünç medal: Ines Bubakri (Tunis)
SPORT GIMNASTIKASY
Toplumlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Koçei Uçimira (Ýaponiýa) – 92,365 utuk
Kümüş medal: Oleg Werniýaýew (Ukraina) – 92,266 utuk
Bürünç medal: Maks Witlok (Beýik Britaniýa) – 90,641 utuk
DZÝUDO
90 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Maşu Baker (Ýaponiýa)
Kümüş medal: Warlam Liparteliani (Gruziýa)
Bürünç medal: Gwak Dong-han (Günorta Koreýa), Çeng Ksunžao (Hytaý)
DZÝUDO
70 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Haruko Taçimoto (Ýaponiýa)
Kümüş medal: Ýuri Alwear (Kolumbiýa)
Bürünç medal: Salli Konweý (Beýik Britaniýa), Laura Wargas Koh (Germaniýa)
NYŞANA OK ATMAK
50 metr, sapança (erkekler)
Altyn medal: Žin Žong-oh (Günorta Koreýa) – 193,7 utuk (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Hoang Şuan Winh (Wýetnam) – 191,3 utuk
Bürünç medal: Kim Song-guk (Demirgazyk Koreýa) – 172,8 utuk
NYŞANA OK ATMAK
Goşa trap (erkekler)
Altyn medal: Fehaid Al-Deehani (Garaşsyz Olimpiýaçylar topary)
Kümüş medal: Marko Innosenti (Italiýa)
Bürünç medal: Stiwen Skott (Beýik Britaniýa)
ÝÜZMEK
100 metr erkin (erkekler)
Altyn medal: Kaýl Çembers (Awstraliýa) – 47,58 sekunt
Kümüş medal: Piter Timmers (Belgiýa) – 47,80 sekunt
Bürünç medal: Natan Adrian (ABŞ) – 47,85 sekunt
ÝÜZMEK
200 metr brass (erkekler)
Altyn medal: Dmitriý Balandin (Gazagystan) – 2:07,46 sekunt
Kümüş medal: Joş Prenot (ABŞ) – 2:07,53 sekunt
Bürünç medal: Anton Çupkow (Russiýa) – 2:07,70 sekunt
ÝÜZMEK
200 metr kebelekleýin (zenanlar)
Altyn medal: Mireia Belmonte Grarsia (Ispaniýa) – 2:04,85 minut
Kümüş medal: Madelin Growes (Awstraliýa) – 2:04,88 minut
Bürünç medal: Natsumi Hoşi (Ýaponiýa) – 2:05,20 minut
ÝÜZMEK
4×200 metr estafeta erkin (zenanlar)
Altyn medal: ABŞ (A.Şmitt, M.Franklin, M.Margalis, S. Ranje, M. DiRado, L.Smit, K. Ledeki) – 7:43,03 minut
Kümüş medal: Awstraliýa (L. Neale, B. Barratt, T. Kuk, J. Eşwud, E. MakKeon) – 7:44,87 minut
Bürünç medal: Kanada (K. Saward, T. Rak, E. Owerholt, K. Goss, P. Oleksiak) – 7:45,39 minut
STOL TENNISI
Ýekelikde (zenanlar)
Altyn medal: Din Nin (Hytaý)
Kümüş medal: Li Siýaosiýa (Hytaý)
Bürünç medal: Kim Song-i (Demirgazyk Koreýa)
AGYR ATLETIKA
77 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Nižat Rahymow (Gazagystan) – 379 kilogram (214 kg itekläp götermekde, Dünýä rekordy)
Kümüş medal: Lýuý Siaoszýun (Hytaý) – 379 kilogram
Bürünç medal: Mohamed Mahmud (Müsür) – 361 kilogram
AGYR ATLETIKA
69 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Şiang Ýanmei (Hytaý) – 261 kilogram
Kümüş medal: Žazira Žapparkul (Gazagystan) – 259 kilogram
Bürünç medal: Sara Ahmed (Müsür) – 255 kilogram
6-NJY GÜN
ÝAÝDAN OK ATMAK
Toplumlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Çen Hýe-žin (Günorta Koreýa)
Kümüş medal: Liza Unruh (Germaniýa)
Bürünç medal: Ki Bo-bae (Günorta Koreýa)
KANOE
Slalom C-2 (erkekler)
Altyn medal: Ladislaw Şkantar bilen Peter Şkantar (Sloweniýa) – 101,58 sekunt
Kümüş medal: Dewid Florens bilen Riçard Honslow (Beýik Britaniýa) – 102,01 sekunt
Bürünç medal: Gautie Klauss bilen Mattiýö Peçe (Fransiýa) – 103,24 sekunt
KANOE
Slalom K-1 (zenanlar)
Altyn medal: Maialen Çurrau (Ispaniýa) – 98,65 sekunt
Kümüş medal: Luuka Jones (Täze Zelandiýa) – 101,82 sekunt
Bürünç medal: Jessika Foks (Awstraliýa) – 102,89 sekunt
WELOSIPED
Sprint, toparlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Beýik Britaniýa (F. Haýndes, J. Kenni, K. Skinner) – 42,440 (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal: Täze Zelandiýa (E. Dawkins, E. Mitçell, S. Webster) – 42,542
Bürünç medal: Fransiýa (G. Bauž, M. D’Almeida, F. Perwis) – 43,143
GYLYÇLAŞMAK
Şpaga, toparlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Rumyniýa (L. Dinu, S. German, S. Pop, A. Popesku)
Kümüş medal: Hytaý (H. Žialu, S. Ýiwen, S. Ýužie, Ş. Anki)
Bürünç medal: Russiýa (O. Koçnewa, W. Kolobowa, T. Logunowa, L. Şutowa)
SPORT GIMNASTIKASY
Toplumlaýyn (zenanlar)
Altyn medal: Simone Baýles (ABŞ) – 62,198 utuk
Kümüş medal: Ali Raisman (ABŞ) – 60,098 utuk
Bürünç medal: Aliýa Mustafina (Russiýa) – 58,665 utuk
DZÝUDO
100 kg agramda (erkekler)
Altyn medal: Lukaş Krpalek (Çehiýa)
Kümüş medal: Elmar Gasimow (Azerbaýjan)
Bürünç medal: Rýunosuke Haga (Ýaponiýa), Sirill Maret (Fransiýa)
DZÝUDO
78 kg agramda (zenanlar)
Altyn medal: Kaýla Harrison (ABŞ)
Kümüş medal: Odri Çeumeo (Fransiýa)
Bürünç medal: Maýra Aguiar (Braziliýa), Anamari Welenşek (Sloweniýa)
REGBI 7
Toparlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Fijiniň ýygyndy topary
Kümüş medal: Beýik Britaniýanyň ýygyndy topary
Bürünç medal: Günorta Afrikanyň ýygyndy topary
NYŞANA OK ATMAK
50 metr, tüpeň, 3 ýerden (zenanlar)
Altyn medal: Barbara Engleder (Germaniýa) – 458,6 utuk
Kümüş medal: Çžan Binbin (Hytaý) – 458,4 utuk
Bürünç medal: Du Lin (Hytaý) – 447,4 utuk
STOL TENNISI
Ýekelikde (erkekler)
Altyn medal: Ma Lun (Hytaý)
Kümüş medal: Çžan Szike (Hytaý)
Bürünç medal: Dzýun Midz utani (Ýaponiýa)
ÝÜZMEK
200 metr arkanlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Raýn Mörfi (ABŞ) – 1:53,62 minut
Kümüş medal: Mitç Larkin (Awstraliýa) – 1:53,96 minut
Bürünç medal: Ýewgeniý Rylow (Russiýa) – 1:53,97 minut
ÝÜZMEK
200 metr toplumlaýyn (erkekler)
Altyn medal: Maýk Felps (ABŞ) – 1:54,66 minut
Kümüş medal: Kosuke Hagino (Ýaponiýa) – 1:56,61 minut
Bürünç medal: Wang Şun (Hytaý) – 1:57,05 minut
ÝÜZMEK
100 metr erkin (zenanlar)
Altyn medal: Simone Manuel (ABŞ), Penni Oleksiak (Kanada) – 52,70 sekunt (Olimpiýa rekordy)
Kümüş medal:
Bürünç medal: Sarah Sýöström (Şwesiýa) – 52,99 sekunt
ÝÜZMEK
200 metr bras (zenanlar)
Altyn medal: Rie Kaneto (Ýaponiýa) – 2:20,30 minut
Kümüş medal: Ýuliýa Ýefimowa (Russiýa) – 2:21,97 minut
Bürünç medal: Şi Szinlin (Hytaý) – 2:22,28 minut
KÜREKLEMEK
Jübütler, ýeke kürek (erkekler)
Altyn medal: Erik Mýurreý bilen Hamiş Bond (Täze Zelandiýa) – 6:59,71 minut
Kümüş medal: Lawrens Brittan bilen Şaun Kiling (Günorta Afrika) – 7:02,51 minut
Bürünç medal: Jiowanni Abagnale bilen Marko Di Kostanzo (Italiýa) – 7:04,51
KÜREKLEMEK
Jübütler, goşa kürek (erkekler)
Altyn medal: Martin Sinkowiç bilen Walent Sinkowiç (Horwatiýa) – 6:50,28 minut
Kümüş medal: Mindaugas Grişkonis bilen Saulius Ritter (Litwa) – 6:51,39 minut
Bürünç medal: Kýetil Borh bilen Olaf Tufte (Norwegiýa) – 6:53,25 minut
KÜREKLEMEK
4 adamly, goşa kürek (erkekler)
Altyn medal: Germaniýa (F. Wende, L. Şoof, K. Şulze, H. Grune) – 6:06,81 minut
Kümüş medal: Awstraliýa (K. Forsterling, A. Belonogoff, K. Girdlston, J. Mak Rae) – 6:07,96 minut
Bürünç medal: Estoniýa (A. Ýamsa, A. Raja, T. Endrekson, K. Taimsu) – 6:10,65 minut
KÜREKLEMEK
4 adamly, ýeke kürek, ýeňil görnüşde (erkekler)
Altyn medal: Şweýsariýa (M. Gir, S. Niepmann, S. Şürç, L.Tramer) – 6:20,51 minut
Kümüş medal: Daniýa (Ý. Barsoe, Ý. Larsen, K. Ýorgensen, M. Ýorgensen) – 6:21,97 minut
Bürünç medal: Fransiýa (F. Solforosi, T. Barauh, G. Raineau, T. Kolard) – 6:23,32 minut
KÜREKLEMEK
Jübütler, goşa kürek (zenanlar)
Altyn medal: Magdalena Fularçik-Kozlowska bilen Natalia Madaý (Polşa) – 7:40,10 minut
Kümüş medal: Wiktoria Tornli bilen Katerine Greýnjer (Beýik Britaniýa) – 7:41,05 minut
Bürünç medal: Donata Wiştartaýte bilen Milda Walçiukaýte (Litwa) – 7:43,76 minut
KÜREKLEMEK
4 adamly, goşa kürek (zenanlar)
Altyn medal: Germaniýa (K. Baer, Ý. Lier, L. Şmidla, A. Tiele) – 6:49,39 minut
Kümüş medal: Gollandiýa (Ç. Açterberg, N. Beukers, I. Ýanssen, K. Bouw) – 6:50,33 minut
Bürünç medal: Polşa (M. Sringwald, J. Leçsinskaýa, A. Kobus, M. Siasiuh) – 6:50,86 minut