For­mu­la 1-de tä­ze möw­sü­miň baş­lan­ma­gy­nyň öňü­sy­ra­syn­da “Fer­ra­ri”, “Red Bull”, “Mak­La­ren” ýa­ly to­par­lar öz­le­ri­niň tä­ze ulag­la­ry­nyň ta­nyş­dy­ry­lyş da­ba­ra­sy­ny ge­çir­di. Ozal ha­bar ber­li­şi ýa­ly, dün­ýä­niň iň köp to­ma­şa edil­ýän ýa­ryş­la­ry­nyň bi­ri bo­lan F1-iň tä­ze 71-nji möw­sü­mi 15-nji mart­da baş­la­ýar.

13 ýyl­dan bä­ri çem­pi­on­lyk ga­za­nyp bil­me­ýän “Fer­ra­ri” to­pa­ry­nyň tä­ze ula­gy “SF1000” diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Sü­rü­ji­le­ri Maks Wers­tap­pen we Alek­san­der Al­bon bo­lan “Red Bull” to­pa­ry­nyň tä­ze ula­gy “RB 16” bo­lup, ula­gyň sy­nag sü­rüş­le­ri üs­tün­lik­li ta­mam­lan­dy. “Mak­La­ren” to­pa­ry bol­sa tä­ze ula­gy­na “MCL35” di­ýip at goý­dy.

Fran­si­ýa­nyň Mon­pe­lie şä­he­rin­de ge­çi­ri­len “Open Sud de France” ten­nis ýa­ry­şyn­da Ga­el Mon­fils ýe­ňiş ga­zan­dy. Ol fi­nal­da ka­na­da­ly Wa­sek Pos­pi­si­li 7:5 we 6:3 ha­sap­lar bi­len ýeň­li­şe se­ze­war et­di. Bu onuň şu ýa­ryş­da­ky 3-nji çem­pi­on­ly­gy, umu­my­lyk­da bol­sa, 9-njy ATP ku­bo­gy hök­mün­de ha­sa­ba alyn­dy. 33 ýaş­ly ten­nis­çi bu ýer­de 2013-nji we 2014-nji ýyl­lar­da-da çem­pi­on bo­lup­dy.

Pol­şa­nyň To­run şä­he­rin­de ge­çi­ri­len ýa­pyk des­ga ýe­ňil at­le­ti­ka dün­ýä tu­ry ýar­yşyn­da şwe­si­ýa­ly tür­gen Ar­mand Dup­lan­tis re­kord goý­dy. Ol sy­ryk­ly bök­mek­de 6,17 metr be­ýi­klige bö­küp, dün­ýä re­kor­dy­ny öz ady­na ge­çir­di. On­dan öň­ki re­kord 6,16 met­re bök­me­gi ba­şa­ran fran­si­ýa­ly Re­no La­wil­ýe­ne de­giş­li­di. Dup­lan­tis 2019-njy ýyl­da Ka­ta­ryň paý­tag­ty Do­ha­da ge­çi­ri­len Dün­ýä çem­pio­na­tyn­da kü­müş me­dal ga­za­nyp­dy.