20-nji fewralda hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meselelere we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Milli Liderimiz gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna söz berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary öz gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabatlar bilen çykyş etdiler.
HUSUSY TELEKEÇILIGE GIŇ GOLDAW
Mejlisiň barşynda abraýly ykdysady düzümler, şol sanda OPEK Halkara ösüş gaznasy bilen netijeli gatnaşyklary giňeltmek boýunça geçirilýän işler barada habar berildi. Bu gurama bilen gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, şol maksatlar üçin ABŞ-nyň 10 million dollar möçberindäki maýa goýumlary goýlar. Bu serişdeleriň maksadalaýyk ulanylmagyna gözegçilik etmegi Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň üstüne ýüklemek göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiziň garamagyna telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky kararyň taslamasy hödürlendi, bu ugurda geçirilýän işleriň çykarylýan önümleriň möçberini artdyrmaga, ýurdumyzyň işewürliginiň wekilleriniň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga ýardam etjekdigi bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge hemmetaraplaýyn goldaw bermegiň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Milli Liderimiz telekeçi fiziki we ýuridik şahslaryň amala aşyrýan taslamalaryny maliýeleşdirmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi we oňa birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ak ekinlere ideg işleriniň agrotehniki kada laýyklykda alnyp barylýandygy, mineral dökünler bilen iýmitlendirilýändigi we ösüş suwunyň tutulýandygy barada hasabat berildi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň garamagyna Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine ýurdumyzyň maldarçylyk pudagy üçin weterinar serişdeleri, waksinalary, ýuwujy hem-de anyklaýyş serişdelerini we enjamlary satyn almak barada daşary ýurt kompaniýalary bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berýän degişli resminamanyň taslamasy hödürlenildi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek we toplumda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmak babatda degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz degişli Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda anyk görkezmeleri berdi.
DUBAÝDA HALKARA NEBITGAZ GÖÇME FORUMY GEÇIRILER
Mejlisiň barşynda şu ýylyň 24-25-nji fewralynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde “TOPH gaz geçirijisi parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň gaz geçirijisidir” atly halkara maslahaty hem-de nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berildi.
Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu çärelere türkmen wekiliýeti bilen birlikde, dünýäniň iri nebitgaz kompaniýalarynyň, maliýe düzümleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşarlar. Forumyň gün tertibine sebitde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmekde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň orny, ýurdumyzda gazhimiýa pudagyny ösdürmegiň geljegi, Hazar deňziniň türkmen böleginiň deňiz ýataklaryny özleşdirmegiň taslamalaryna maýa goýumlaryny çekmek, nebit hem-de gaz ýataklarynyň önüm berijiligini artdyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze gurallaryny, uglewodorodlary düýpli gaýtadan işlemek we marketing bilen baglanyşykly meseleler giriziler.
Şeýle hem TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy boýunça “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik geçiriler. Türkmen wekiliýetiniň agzalarynyň daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşyklary meýilleşdirildi.
Döwlet Baştutanymyz bu ugurdaky hasabaty diňläp, uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan ýurdumyzyň energetika syýasatynyň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge, onuň dünýäniň energetika ulgamyna okgunly goşulyşmagyna gönükdirilendigini nygtady. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiz “Galkynyş” gaz känini senagat taýdan işläp geçmegi, Hazaryň türkmen kenaryndaky we kenarýaka zolagyndaky ýataklary özleşdirmegi, geljegi uly nebit hem-de gaz ýataklaryny gözlemegi, sebitlerde nebiti we gazy gaýtadan işleýän toplumlary gurmagy bu gün Diýarymyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde durýan esasy wezipeleriň hatarynda görkezdi.
WATANYMYZYŇ SENAGAT KUWWATY BARHA PUGTALANÝAR
Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň 2020-2023-nji ýyllarda senagat we önümçilik desgalaryny gurmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berildi.
Hasabatda bellenilip geçilişi ýaly, “Türkmensement” döwlet kärhanasynyň Bäherden we Lebap sement zawodlarynyň kuwwatlygyny her ýylda 1 million tonna ýetirmek maksady bilen, şolaryň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy meýilleşdirildi. Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda keramiki-bezeg plitalaryny we sanfaýans önümlerini öndürýän kärhanany, Gökdepe etrabynda bir gije-gündizde 100 tonna aýna önümlerini öndürýän goşmaça önümhanany, Daşoguz şäherinde dürli görnüşli keramiki gap-gaçlary öndürýän zawody gurmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem ýylda 150 müň tonna kuwwaty bolan armatura öndürýän goşmaça önümçilik desgasynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, senagat toplumynyň halk hojalygynyň beýleki pudaklarynyň öňbaşçysy bolmalydygyny, onuň pudaklaryň geljekki ösüşi üçin binýat bolup durýandygyny belläp, degişli resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly wise-premýere iberdi hem-de wise-premýere öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça degişli tabşyryklary berdi.
GAZET-ŽURNALLARYŇ
IŞI KÄMILLEŞDIRILÝÄR
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakynda Kararyň taslamasy hödürlenildi. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti gazet-žurnallaryň esaslandyryjysy bolup durýar.
Gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda döwletimiziň hem-de jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň mazmunyny hem-de ähmiýetini açyp görkezýän, türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasyna, ýokary ahlak gymmatlyklaryna we özboluşly däp-dessurlaryna bagyşlanan makalalar çap edilmelidir. Watanymyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp, bu şanly senä aýratyn üns berilmelidir. Milli Liderimiz bu barada aýtmak bilen, žurnalistleriň hünär derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagynyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz esaslandyryjysy Ministrler Kabineti bolan gazet-žurnallaryň redaksiýalarynyň Tertipnamalaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy ulgamy arkaly degişli wise-premýere iberdi we bu babatda birnäçe degişli tabşyryklary berdi.
GOŇŞUÇYLYK GATNAŞYKLARYNYŇ
BELENT NUSGASY
Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, 2020–2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamanyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hem hasabat berildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça Türkmenistan goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan galkynmagyna yzygiderli goldaw berýär. Munuň özi goňşy ýurduň çäginde durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda saglygy goraýyş we bilim edaralarynyň gurluşygynda, ýeňillikli şertlerde elektrik energiýasynyň ugradylmagynda, Diýarymyzyň ýokary okuw mekdeplerinde owgan ýaşlaryna bilim berilmeginde öz beýanyny tapýar. Türkmenistandan ynsanperwerlik ýüki Owganystana yzygiderli ugradylýar.
Goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ol degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Hususan-da, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, saglygy goraýyş ulgamyndaky ynsanperwerlik taslamalaryň amala aşyrylmagy, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi öz içine alýan degişli çäreler göz öňünde tutulýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwletara türkmen-owgan gatnaşyklarynyň işjeň we birek-birege ynanyşmak häsiýetine eýedigini, onuň iki halkyň taryhy taýdan ruhy-medeni gatnaşyklar, köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýandygyny kanagatlanma bilen belledi.
Şeýle hem mejlisiň barşynda milli parlamentiň ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, demokratik esaslary çuňlaşdyrmak we Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryny öňe ilerletmek boýunça alyp barýan işleri barada maglumat berildi.
Mundan başga-da, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde durýan möhüm wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli alyp barýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň jemini jemläp, hökümet agzalarynyň ünsüni öňde durýan möhüm wezipelere çekdi. Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanly ulgama geçirilmegini öňde durýan işleriň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi.
Mejlisde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.