18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanylan hem-de “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýlip yglan edilen şu ýylda bellenilýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna esaslanan “Bitaraplyk syýasaty we parahatçylyk medeniýeti” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Foruma Türkmenistanyň diplomatik düzüminiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlar düzüminiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň Gutlagynda ýurdumyzyň parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalara özüniň saldamly goşandyny goşmak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde seretmek üçin birnäçe teklipleri hem öňe sürendigi nygtalýar.
Maslahatyň barşynda çykyş edenler şu ýylyň başynda geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesiniň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul edilmeginiň, şeýle hem Baş Assambleýanyň nobatdaky mejlisinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde bitaraplyk ýörelgelerini ulanmagyň kadalarynyň toplumyny taýýarlamak barada beýan edilen başlangyjyň aýratyn ähmiýetini nygtadylar.
Biziň ýurdumyz daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde energetika, ulag we aragatnaşyk, suw-ekologiýa howpsuzlygy, ýokary tehnologiýalar, “ýaşyl” ykdysadyýet, medeniýet, ylym hem-de bilim ulgamlarynda iri halkara taslamalary işjeň durmuşa geçirýär.
Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýandygy nygtaldy. Bitaraplygyň esasy ýörelgeleri BMG-niň Merkezi Aziýadaky strategik wezipelerine doly gabat gelýär. Şol wezipeler bolsa sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna öwürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy ekologiýa we energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, yklymara ulag geçelgelerini döretmek, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol arkaly kadalaşdyrmak hem-de möhüm halkara-hukuk gurallaryny işläp taýýarlamak baradaky başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň seslenmesine we ykrarnamasyna eýe bolýar.
Dabaraly çäräniň çäklerinde diplomatik gullugyň ýaş işgärlerine hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplaryna döwletimiziň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandygy üçin degişli diplomlar gowşuryldy.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul edip, milli Liderimize ýurdumyzyň diplomatik gullugyny kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Maslahatyň çäklerinde Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Daşary işler ministrliginiň daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary bilen bilelikde guran sergisi ýaýbaňlandyryldy.
Maslahata gatnaşyjylara
söz berýäris:
Jemile Pürjäýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy:
– 2020-nji ýylyň “Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” diýlip atlandyrylmagy bilen ýurdumyzda bellenilýän diplomatik işgärleriniň hünär baýramy özboluşly öwüşgine eýe boldy. Sebäbi bu ýyl bellenilýän bu baýram, türkmen diplomatiýasynyň ýeten sepgitleri belent üstünlikleri bilen, utgaşykly amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda 2009-njy ýyldan bäri bellenilýän bu baýramçylyk hut biziň ýokary okuw mekdebimizde bellenilmegi hem aýratyn bir mana eýe, sebäbi biziň ýokary okuw mekdebimiz adyndan hem belli bolşy ýaly, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine degişli bolan Halkara gatnaşyklary instituty. Bu ýokary okuw mekdebimizde ýurdumyzyň daşary syýasatynda özüniň mynasyp goşandyny goşjak diplomat hünärmenler taýýarlanylýar.
Stiwen Gaýs, ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy:
– Bu gün hem her ýylda bolşy ýaly, diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyndaky dabara gatnaşdyk. Häzirki wagtda diplomatiýa kärine bildirilýän talaplar diýseň ösýär. Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň tagallasy bilen parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine tutumly işler amala aşyrylýar. Türkmenistan häzirki zamanyň çylşyrymly, halkara şertlerinde hoşniýetli gatnaşyklaryň serişdesi hökmünde ynsanperwer gapylaryny giňden açýar. Bu günki gün Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplygy, sebit we ählumumy derejede hoşniýetli hyzmatdaşlygy alyp barmagyň möhüm guraly hökmünde çykyş edýär. Men hem öz gezegimde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ähli işgärlerini, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebiniň professor-mugallymlaryny, talyp ýaşlaryny hünär baýramçylygy bilen gutlaýaryn.
Aýsenem ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.