Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
– Bitaraplyk biziň beýik baýlygymyzdyr. Onuň gymmaty dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edildi. Munuň özi parahatçylygyň we dostlugyň, ynsanperwerligiň hem-de hoşniýetliligiň dabaralanmagyny, hyzmatdaşlygy we ösüşi üpjün edýän taglymatdyr.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, hemişelik Bitaraplyk biziň milli gymmatlygymyzdyr. Ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynyň özenini hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz düzýär. Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda uly üstünliklere barýan ýurdumyz dünýäniň parahatçylygyna we ählumumy ösüşine goşýan uly goşantlary bilen sebitiň hem-de dünýäniň abraýly döwleti hökmünde Ýer ýüzünde mynasyp ornuny aldy. “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylda amala aşyrylýan beýik işler, şol sanda dünýäniň halkara gatnaşyklary ulgamyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyz halkara hyzmatdaşlygynyň giň gerimde ösdürilmegine mynasyp goşant bolup durýar. Ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygy ileri tutulýan strategik ugurlar boýunça durmuşa geçirilýär. Olar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda alnyp barylmak bilen, ilkinji nobatda, daşary döwletleri bilen hem-de halkara guramalar, aýratyn-da, Birleşen Milletler Guramasy bilen işjeň gatnaşyklary netijeli amala aşyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijesinde, milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlary işjeň durmuşa ornaşdyrylýar.
Milli Liderimiziň gatnaşmagynda “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylyň ilkinji iri halkara çäresi BMG tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. 2020-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde geçirilen “Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara maslahatyna gatnaşyjylaryň BMG-niň Baş sekretaryna iberen Ýüzlenmesini BMG-niň Baş Assambleýasy 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde kabul etmegi, bu forumyň wekilleriniň iberen Ýüzlenmesiniň Birleşen Milletler Guramasynyň resmi dillerinde çap edilmegi, ýurdumyzyň abraýynyň belentdiginiň ýene-de bir mysalydyr.
BMG ýokarda agzalan maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesini özüniň resminamasy hökmünde ykrar etmek bilen, hormatly Prezidentimiziň parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplygyň dostlarynyň Toparyny döretmek hem-de halkara meselelerini kadalaşdyrmakda bitaraplyk ýörelgelerini ulanmak boýunça düzgünleriň Toplumyny taýýarlamak hakyndaky başlangyjyny hem goldady. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilen senesinden bäri geçen taryhy döwürde biziň döwletimiz halkara derejesindäki möhüm başlangyçlary öňe sürmek bilen birlikde, olaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen dünýäde öňdäki orunlara çykdy. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň biragyzdan goldamagy bilen, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. 2017-nji ýylyň fewralynda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 12-nji dekabry “Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Bu taryhy resminamalar ýurdumyzyň alyp barýan daşary syýasatynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygyny hem-de türkmen diplomatiýasynyň ýeten derejesini aýdyň görkezýär. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara guramalar hem-de dünýäniň köp ýurtlary bilen ýola goýlan syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklary pugtalandyrmaga we çuňlaşdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Milli Liderimiziň saýlap alan Bitaraplyk ýoly täze ykdysady üstünlikleriň hem girewidir. Şonuň netijesinde, çärýek asyra golaý döwürde türkmen Bitaraplygy netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň we halklaryň arasynda hakyky dostlukly hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary pugtalandyrmagyň täsirli guraly hökmünde özüni görkezdi.
Goý, ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak ugrunda taýsyz tagallalary edýän, Türkmenistany dünýäniň halkara başlangyçlarynyň durmuşa geçirilýän ýurduna öwren hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, beýik işleri rowaç bolsun!
Polat ÇARYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň
mugallymy.