Bir­le­şen Arap Emir­lik­le­ri­niň paý­tag­ty Abu-Da­bide şä­her­le­riň Bü­tin­dün­ýä fo­ru­my ge­çi­ril­di. Şol fo­ru­myň çäk­le­rin­de ho­wa­nyň hi­li­ni, gör­ke­zi­ji­le­ri­ni anyk­la­mak bo­ýun­ça bü­tin­dün­ýä tas­la­ma­sy­na ba­dal­ga be­ril­di. Hä­zir­ki wagt­da Ýer ýü­zü­niň ila­ty­nyň dem al­ýan ho­wa­sy­nyň ha­pa­lan­ma­gy­nyň de­re­je­si ýo­kar­la­nyp bar­ýar. Onuň öňü­ni al­mak üçin de­giş­li çä­re­le­riň alyn­ma­gy göz öňün­de tu­tul­ýar.
BMG-niň res­mi in­ter­net sa­hy­pa­syn­da­ky mag­lu­ma­ta la­ýyk­ly­kda, ha­pa­la­nan ho­wadan her ýyl müňlerçe adam ejir çek­ýär. Bü­tin­dün­ýä ban­ky­nyň ba­ha ber­me­gi­ne gö­rä, ho­wa­nyň ha­pa­lan­ma­gy bi­len bag­ly­lyk­da sag­ly­gy go­ra­ýyş we dur­muş üp­jün­çi­li­gi üçin sarp edil­ýän ýyl­lyk çyk­da­jy­lar 5 tril­li­on dol­la­ra ba­ra­bar bol­ýar.
Şo­nuň üçin BMG-niň daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy we BMG-niň ilat­ly ýer­ler bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­sy ho­wa­nyň hi­li­ne gö­zeg­çi­lik et­mek üçin giň göw­rüm­li tas­la­ma­ny dur­mu­şa or­naş­dyr­ýar. Tä­ze dö­re­dil­jek mag­lu­mat go­ry 4 müň ge­çi­ri­ji­den yba­rat bo­lup, onuň ula­ny­jy­la­ry­nyň sa­ny hä­zir­lik­çe 15 mil­lio­na deň­dir.
Hä­zir­ki wagt­da şä­her­ler­de 3,5 mil­liard adam ýa­şa­ýar. Olar Ýer ýü­zü­niň umu­my ila­ty­nyň 55 gö­te­ri­mi­ne deň­dir. 2030-njy ýyl­da şä­her­li­le­riň sa­ny 5 mil­liarda go­laý­lar. Ol hem Ýer ýü­zü­niň ila­ty­nyň 75 gö­te­ri­mi­ne deň bo­lar.
Şä­her­le­riň se­na­gat­laş­ma­gy daş­ky gur­şa­wa özü­niň tä­si­ri­ni ýe­ti­rip baş­la­dy. Şo­nuň üçin eko­lo­gi­ýa taý­dan aras­sa teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň ula­nyl­ma­gy­na has köp üns be­ril­me­gi göz öňün­de tu­tul­ýar.

Jahan RAHMANOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.