Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de oňyn öz­gert­me­ler bi­len ýur­du­my­zy ösü­şiň şa­ýo­lun­dan alyp bar­ýan hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da halk ho­ja­ly­gy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da giň ge­rim­li iş­ler ama­la aşy­ry­lyp, ýo­ka­ry ne­ti­je­ler ga­za­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da hal­kyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak üçin hem köp iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar.
Halkymyzyň abadan ýa­şaý­şy­ny üp­jün et­mek hem üns be­ril­ýän me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Şeý­le aja­ýyp dö­wür­de de­mok­ratik öz­gert­me­ler hem uly dep­gi­ne eýe bol­ýar.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da, ýur­du­my­zyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­na üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar gi­riz­mek ýur­du­my­zy tä­ze ösüş ýol­la­ry­na atar­ýar. Esa­sy Ka­nun­ymyza gi­ri­zil­jek üýt­get­me­ler we goş­ma­ça­lar, ony has-da kä­mil­leş­di­rer. Bu öz­gert­me­ler dür­li ul­gam­lar­da he­re­ket ed­ýän ka­nun­la­ryň kä­mil­leş­di­ril­me­gin­de we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gyn­da esa­sy or­ny eýe­le­ýär. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň hu­kuk öz­gert­me­le­ri ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny art­dyr­mak, pug­ta­lan­dyr­mak, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny düýp­li ýo­kar­lan­dyr­mak, jem­gy­ýe­ti­mi­zi je­bis­leş­dir­mek, halkymyzyň bo­le­lin, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­ny üp­jün et­mek ba­bat­da, tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri, giň ýol­la­ry aç­ýar. Mil­li ka­nun çy­ka­ry­jy eda­ra­nyň işi­niň iki pa­la­ta­ly ul­ga­ma ge­çi­ril­me­gi, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň “Döw­let adam üçin­dir!” di­ýen esas go­ýu­jy ýö­rel­ge­si­ne la­ýyk­lyk­da, ada­my jem­gy­ýe­tiň we döw­le­tiň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hök­mün­de yk­rar ed­ýän kons­ti­tu­si­on ka­da­la­ry mun­dan beý­läk-de gy­şar­nyk­syz ber­jaý et­mä­ge uly ýar­dam be­rer. Mun­dan baş­ga-da, ýur­du­myz­da tä­ze ka­nun­çy­lyk na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gi üçin hem uly iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Go­laý­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ýur­du­my­zyň de­pu­tat­lar dü­zü­mi bi­len du­şuş­dy. Şol du­şu­şyk­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň öňe sü­ren tek­lip­le­ri ýur­du­my­zyň ka­nun çy­ka­ry­jy­lyk işi­ni has-da kä­mil­leş­dir­mek­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe­dir. Mil­li Li­de­ri­miz çy­ky­şyn­da ýur­du­myz­da de­mok­ra­tik baş­lan­gyç­la­ry yk­rar et­mek we ös­dür­mek, döw­le­ti­mi­ziň adam hu­kuk­la­ry ba­bat­da­ky hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­ny ýe­ri­ne ýe­tir­mek bo­ýun­ça mö­hüm iş­le­riň ge­çi­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, “Di­ňe hä­ki­mi­ýet bi­len jem­gy­ýe­tiň he­mi­şe­lik hyz­mat­daş­ly­gy ar­ka­ly hä­zir­ki za­man geo­sy­ýa­sa­tyn­da göz öňün­de tu­tu­lan saz­la­şyk­ly ös­ýän döw­le­ti gu­rup bo­lar” di­ýip bel­le­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şol du­şu­şyk­da ýaş nes­liň be­den we ru­hy taý­dan sag­dyn bol­ma­gy­ny üp­jün et­mek mak­sa­dy bi­len, be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek ba­ra­da du­rup geç­di. Mil­li Li­de­ri­miz: “Biz ça­ga­la­ry­my­zy hem-de ýet­gin­jek­le­ri­mi­zi aň-bi­li­mi­ni we ukyp­la­ry­ny ter­bi­ýe­le­ýän spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri, şol san­da he­re­ket­li mil­li oýun­lar bi­len meş­gul­lan­ma­ga çek­me­giň ne­ti­je­li­li­gi­ni has ýo­kar­lan­dyr­ma­ly­dy­rys” di­ýip bel­le­di.
Bu du­şu­şyk­da goz­ga­lan mö­hüm me­se­le­le­riň bi­ri-de, ýaş ne­sil­le­ri mil­li gym­mat­lyk­la­ry­my­za hor­mat goý­mak ru­hun­da terbi­ýe­le­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Hä­zir­ki wagt­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da gel­je­gi­miz bo­lan ýaş nes­le dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk gel­ýän kä­mil bi­lim ber­mek bi­len bir ha­tar­da, ola­ry mil­li ruh­da ter­bi­ýe­le­mek me­se­le­si­ne-de uly üns be­ril­ýär. Bu du­şu­şyk­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň ýaş­la­ra da­şa­ry ýurt dil­le­ri­ni, ta­ry­hy­my­zy, me­de­ni­ýe­ti­mi­zi, sun­ga­ty­my­zy, ede­bi­ýa­ty­my­zy öw­ret­mek ba­ra­da aý­dan pi­kir­le­ri, şeý­le hem mu­gal­lym­çy­lyk ugur­ly ýö­ri­te or­ta we ýoka­ry okuw mek­dep­le­ri­miz­de türk­men ede­bi­ýa­ty­ny hem-de mil­li mi­ra­sy­my­zy düýp­li öw­ret­mä­ge uly üns ber­mek ba­rada­ky tek­lip­le­ri ýur­du­myz­da ýaş­lar ba­ra­da edil­ýän ala­da­nyň aý­dyň be­ýa­ny bol­dy.
Mil­li Li­de­ri­mi­ziň pä­him-pa­ra­sat­ly sy­ýa­sa­ty­nyň esa­syn­da dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dost-do­gan­ly­gy, yn­san­per­wer­li­gi, ag­zy­bir­li­gi öňe sür­ýän he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan döw­le­ti­mi­ziň özü­niň sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de yk­rar edil­ýän we ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­ny, azat­lyk­la­ry­ny go­ra­ma­ga gö­nük­di­ri­len de­mok­ra­tik ýo­lu­ny saý­lap alan­dy­gy türk­men hal­ky­ny buý­san­dyr­ýar.

Ta­wus HO­JA­NE­PE­SO­WA,
S. A. Ny­ýa­zow adyn­da­ky TO­HU-nyň mu­gal­ly­my.