2015-nji ýylda Müsüriň hökümeti täze paýtagtyň döredilmegi bilen baglanyşykly iri taslama badalga berdi. Şol taslama ýurduň häzirki paýtagty Kairiň ornuny tutar. Täze şäher “smart” şäher bolup, köp gatly binalar bilen has-da owadan keşbe eýe bolar. Ilkibaşda bu taslamany 2020-2021-nji ýylda tamamlamak göz öňünde tutulypdy.
Ýöne ýurduň täze paýtagt şäheri has giň gerime eýe bolup, haýran galdyryjy derejededir. Ýurduň döwlet edaralarynyň jemlenýän ýeri bolmak bilen bir hatarda Müsüriň iň uly howa menzili, Dubaý şäherindäki ýaly köp gatly myhmanhanalar, işewürlik merkezleri, sergi merkezleri, şeýle hem güýmenje merkezleri bu şäheriň taslamasynda öz ornuny aldy. Şäherde 20-den gowrak ýaşaýyş toplumy bolar.
Täze paýtagt şäher Kair şäherinden 45 kilometr uzaklykda bina edilýär. Munuň üçin Sues kanaly bilen Nil derýasynyň arasynda 700 inedördül kilometr meýdan bölünip berildi. Täze şäheriň umumy bahasy 60 milliard dollara barabar bolar. Bu taslama daşary ýurt maýadarlaryny çekmek hem göz öňünde tutulýar.
Täze paýtagt şäheriniň döredilmeginiň maksady şu wagtky paýtagt şäher bolan Kairiň ýüküni ýeňletmekden ybaratdyr. Bu şäherde 20 milliondan gowrak adam ýaşaýar. Ýakyn geljekde bu görkeziji has-da artar.
Sona Islamowa,
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Diller kafedrasynyň müdiri.