Dünýäde işgärleriniň sany boýunça öňdebaryjy kompaniýalaryň sanawy taýýarlandy. ABŞ-nyň “Fortune” žurnalynyň taýýarlan şol sanawynda birinji orny ABŞ-nyň “Walmart” lomaý-söwda kompaniýasy eýeledi. Bu kompaniýanyň ýurduň ähli ştatlarynda diýen ýaly iri söwda merkezleri hereket edýär. Şol merkezlerde 2,2 milliona golaý adam zähmet çekýär. Bu kompaniýa 514,4 milliard dollara barabar bolan girdejisi bilen hem öňe saýlanýar.
Şu ýerde dünýäde iň köp işgäri bolan ilkinji 10 kompaniýa barada gysgaça maglumaty dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik:
1“WALMART”: ABŞ-nyň iri hem-de gadymy kompaniýalarynyň biridir. Onuň söwda dükanlarynda 2,2 million adam işleýär. Bu kompaniýa ilkinji söwda dükanyny 1962-nji ýylda Arkanzas ştatynda açypdy.
2 Hytaýyň milli nebit kompaniýasy: sanawda ikinji orny eýeleýän bu kompaniýada 1 million 636 müň adam işleýär. Hytaýyň bu kompaniýasy 2019-njy ýylda 393 milliard dollar girdeji gazanyp, bu ugurda dördünji orunda barýar. Kompaniýa nebitgaz pudagynda iş alyp baryp, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, öndürmek, täzeden işlemek hem-de dünýä bazaryna ýerlemek ýaly işleri utgaşdyrýar.
3Hytaýyň poçta kompaniýasy: bu kompaniýanyň düzüminde 935 müň işgär bar. Ol hem Hytaýyň milli nebit kompaniýasy ýaly döwlete degişli şereketdir.
4Hytaýyň döwlet elektrik kompaniýasy: 927 müň işgäri bolan bu kompaniýanyň 1,1 milliard müşderisi bolup, onuň girdejisi hem 363 milliard dollara barabardyr. Kompaniýa girdejisi babatda dünýäde 5-nji orunda durýar.
5“FOXCONN”: merkezi binasy Taýwanda ýerleşýän bu kompaniýa elektronika pudagynda iş alyp barýar. Dürli elektronika enjamlaryny öndürip, 803 müň adamy iş bilen üpjün edýär. Kompaniýa 2019-njy ýylda 175 milliard dollar girdeji gazandy.
6“AMAZON”: elektron söwda bazarynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň biri hasaplanýan bu şereket 798 müň adamy iş bilen üpjün edýär. Bu kompaniýanyň eýesi Jeff Bezos dünýäniň iň baý adamlarynyň biridir.
7“VOLKSWAGEN”: Germaniýanyň öňdebaryjy awtoulag kompaniýasynyň düzüminde 664 müň adam işleýär.
8“SINOPEC”: Hytaýyň nebit-himiýa kompaniýasynyň düzüminde 619 müň işgär bar. Has köp girdeji gazanýan bu kompaniýanyň gymmat bahaly kagyzlary Gonkongyň, Şanhaýyň, Nýu-Ýorkuň hem-de Londonyň biržalarynda satylýar.
9“COMPASS GROUP”: Beýik Britaniýanyň azyk önümçiligi pudagynda iş alyp barýan kompaniýa 595 müň adamy iş bilen üpjün edýär. Kompaniýa 45 ýurtda iş alyp barýar.
10ABŞ-nyň poçta gullugy: bu gullugyň düzüminde 565 müň adam işleýär. Döwlete degişli kompaniýanyň esaslandyrylan döwri öz gözbaşyny 1775-nji ýyldan alyp gaýdýar.
Hakberdi Nuryýew,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.