Şu ýy­lyň tom­sun­da Ýa­po­ni­ýa­nyň paý­tag­ty To­kio şä­he­rin­de XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry ge­çi­ri­ler. Bu iri sport ýa­ry­şy üçin de­giş­li şy­gar saý­la­nyp alyn­dy.
Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň gu­ra­ma­çy­lyk ko­mi­te­ti ta­ra­pyn­dan saý­la­nyp al­nan res­mi şy­ga­r iň­lis di­lin­de “Uni­ted By Emo­tions” diý­lip at­lan­dy­ryl­dy. Ol ter­ji­me edi­lende “Bi­le­lik­dä­ki duý­gu­lar” di­ýen ma­ny­ny ber­ýär. Bu şy­ga­ryň saý­la­nyp alyn­ma­gy spor­tuň adam­la­ry bir­leş­dir­mek­dä­ki or­nu­nyň ulu­dy­gy­na ünsi çek­mek­den yba­rat­dyr. Gu­ra­ma­çy­la­ryň bel­le­me­gi­ne gö­rä, bu şy­gar Olim­pi­ýa oýun­la­ry­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ril­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer. Bu şy­ga­ra ba­gyş­la­nan wi­deo­şe­kil­de bel­li ýa­pon ten­nis tür­ge­ni Nao­mi Osa­ka su­ra­ta düş­di.
XXXII to­mus­ky Olim­pi­ýa oýun­la­ry 24-nji iýul–9-njy aw­gust ara­ly­gyn­da ge­çi­ri­ler. 56 ýyl­dan soň Ýa­po­ni­ýada ikinji ge­zek Olim­pi­ýa oýun­la­ry­ ge­çi­riler. Mun­dan ozal 1964-nji ýyl­da il­kin­ji ge­zek Azi­ýa yk­ly­myn­da Ýa­po­ni­ýa­da bu oýun­lar ge­çi­ri­lip­di.

Ata ÝAZYÝEW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.