Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ýarymgoragçysy Serdar Geldiýew bilen goragçysy Şöhrat Söýünow özleriniň futbol ýoluny Malaýziýada dowam etdirerler. Degişlilikde “Altyn asyr” hem-de “Ahal” toparynyň oýunçylary Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur şäheriniň PDRM topary bilen şertnama baglaşdylar. PDRM toparynyň baş tälimçisi Işak Kunju Mohammed “The Star” gazetine beren beýanatynda: Türkmen futbolçylarynyň ikisi-de garaşýan netijämizi görkezdiler. Olar toparymyzyň şowly netijeler gazanmagyna uly ýardam berer” diýip, çykyş etdi. Geçen möwsümi 2-nji ligada geçiren PDRM topary täze möwsümde Malaýziýanyň “Superligasynda” çykyş eder. Malaýziýanyň çempionatynyň täze möwsümine 28-nji fewralda badalga berler.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň oýunçylaryndan Abdy Bäşimow bilen Wezirgeldi Ylýasow Özbegistanyň “Kyzylkum” toparyna transfer bolupdy. Şeýle-de geçen möwsümi Gyrgyz Respublikasynyň “Dordoý” toparynda geçiren Wahyt Orazsähedow täze möwsümde Täjigistanyň iň naýbaşy topary “Istiklolyň” düzüminde oýnar. Milli ýygyndymyzyň esasy hüjümçileriniň biri bolan Wahyt Orazsähedow geçen möwsümde “Dordoýyň” çempionlyk gazanmagyna uly goşant goşupdy. Ol Gyrgyz Respublikasynyň çempionatynyň iň netijeli oýunçysy bolupdy.
Şeýle-de ozalky futbolçy, ildeşimiz Rejepmyrat Agabaýew 12 ýyldan soň, Gazagystanyň çempionatyna dolandy. 1999-2008-nji ýyllar aralygynda Gazagystanyň “Kaýrat”, “Atyrau”, “Ýesil Bogatyr”, “Kaspiý” ýaly toparlarynda oýnan Rejepmyrat Agabaýew tälimçi hökmünde dolanyp, ol “Okžetpes” toparynda işlär. R. Agabaýew “Kazfootball.kaz” internet saýtyna salgylanan Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň resmi saýty “tff.com.tm”-iň habar bermegine görä, ildeşimiz “Okžetpes” toparynda baş tälimçi Andreý Karpowiçiň kömekçisi wezipesini ýerine ýetirer.