Bas­ket­bol oý­nu­nyň iň uly çä­re­si ha­sap­lan­ýan “NBA All Star – 2020” du­şu­şy­gyn­da LeB­ron Jeým­siň to­pa­ry ýe­ňiş ga­zan­dy. Çi­ka­go­da­ky “Uni­ted Cen­ter” sport des­ga­syn­da oý­na­lan du­şu­şyk örän çe­ke­le­şi­kli geç­di. Du­şu­şy­gyň 1-nji çär­ýe­gin­de LeB­ron Jeýms we ýol­daş­la­ry 53:41 öňe saý­lan­dy. 2-nji çär­ýek­de ti­je­nen Ji­an­nis An­te­to­kunm­po­nyň to­pa­ry has er­jel oýun gör­ke­zip, 51:31 ha­sa­byn­da üs­tün çyk­dy. Ne­ti­je­de, to­par­lar 92:83 ha­sa­byn­da Ji­an­nis we ýol­daş­la­ry­nyň üs­tün­li­gi bi­len ara­kes­mä çyk­dy­lar. 3-nji çär­ýek­de iki ta­rap hem deň oýun gör­kez­di (41:41). Jem­leý­ji çär­ýek­de LeB­ron we topardaşlary 33:22 ha­sa­byn­da öňe çyk­dy. Şeý­le­lik­de, umu­my ha­sap­da 157:155 öňe saý­la­nan LeB­ron Jeým­siň to­pa­ry “NBA All Star – 2020”-niň ýe­ňiş ga­za­nan ta­ra­py bol­dy. Ýe­ňiş ga­za­nan to­pa­ryň ýyl­dyz bas­ket­bol­çy­la­ryn­dan Kaw­hi Leo­nard go­laý­da ara­dan çy­kan Ko­bi Bra­ýan­tyň ady da­ky­lan “Du­şu­şy­gyň iň gym­mat­ly oýun­çy­sy” (MVP) baý­ra­gy­na la­ýyk gö­rül­di. Leo­nard du­şu­şyk­da 30 utu­gy öz ady­na ýaz­dy­ryp, to­pa­ry­nyň ýe­ňiş ga­zan­ma­gyn­da esa­sy ro­l oý­na­dy.