Elektron hökümeti – bu ilat üçin döwlet hyzmatlaryny gowulaşdyrmagyň ýolunda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş boýunça maksatnamalary amala aşyrmagyň täsirli guralydyr. Ýöne häzirlikçe dünýäniň köp döwletleri ilaty täze tehnologiýa we innowasiýa hyzmatlary bilen ýeterlik derejede üpjün etmek üçin tagalla edýär. Hakykatda bolsa, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyny ilatyň hyzmatynda goýup, olaryň hyzmatyny durnukly ösüşe ýardam berýän gurala öwürmek mümkin.
BMG-niň Ykdysady we sosial meseleler boýunça Baş sekretarynyň orunbasary U. Hunbe elektronika hyzmatlary boýunça bu guramasynyň täze dokladyny mälim edip, şeýle diýdi:
—Ilata hyzmat etmekde täsirliligi ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalar, sosial deňlik we adamlaryň maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasyna eleýeterliliginiň üpjün edilmegi bilen utgaşmalydyr.
Elektron hökümeti – bu döwlet hyzmatlaryny ilatyň hyzmatynda goýmak üçin maglumat-kommunikasiýa tehnologiýasydyr. Şu günki günde onuň ornaşdyrylan ýurtlarynyň arasynda esasan, Beýik Britaniýa, Awstraliýa we Koreýa Respublikasy liderlik edýär. Sanawda ABŞ 12-nji, Russiýa bolsa, 35-nji orunda durýan eken. BMG-niň dokladynda durnukly ösüşde esasy maksatlara ýetmekde, dünýä döwletleri täze tehnologiýalary işjeň ulanmaga çagyryş edilýär.