438860.jpgŞweýsariýaly tennisçi Rojer Federer şikesi sebäpli möwsümiň 2-nji “Uly tuwulga” ýaryşy “Fransiýa Açyga” gatnaşyp bilmez. Dyzyndan operasiýa bolan 38 ýaşyndaky tennisçi diňe bir “Fransiýa Açyk” däl, eýsem, ol Dubaýda, Indian Wellsde, Bogotada hem-de Maýamide geçiriljek bäsleşiklere-de gatnaşmaz. Operasiýasynyň üstünlikli geçendigini bellän Federer otly meýdançalarda geçiriljek ýaryşlara gatnaşyp başlar. 20 “Uly tuwulga” bilen bu ugurda rekordyň eýesi Federer 2016-2018-nji ýyllar aralygynda-da “Fransiýa Açyga” gatnaşmandy. Ol geçen ýyl bu ýaryşyň ýarym finalynda “Fransiýa Açygyň” ägirdi Rafael Nadaldan asgyn gelipdi. “Fransiýa Açyk” tennis ýaryşy şu ýyl 24-nji maý – 7-nji iýun aralygynda Parižde geçiriler.