Dünýä Ralli çempionatynda möwsümiň 2-nji ýaryşy Şwesiýada geçirildi. Gar sebäpli, 19 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşyň 8 tapgyry geçirilmedi. Garly ýollarda geçirilen ýaryşda “Toyota Gazoo Racing” toparynyň britaniýaly sürüjisi Elfin Ewans ýeňiş gazandy. Ol 11 tapgyry, has takygy, 171,64 kilometr aralygy 1 sagat 11 minut 43,1 sekuntda tamamlamagy başardy. Bu onuň Dünýa Ralli çempionatyndaky 2-nji ýeňşidir. Bäsleşikde häzirki çempion, estoniýaly sürüji Ott Tanak (“Hyundai Shell Mobis”) 2-nji ýeri eýeledi. Ol ýeňijiden 12,7 sekunt yza galdy. 1 sagat 12 minut 03,3 sekuntda ýaryşy tamamlan “Toyota Gazoo Racing” toparynyň finlýandiýaly sürüjisi Kalle Rowanpera münberiň 3-nji basgançagyna çykdy. Geçirilen 2 ýaryşdan soň, 42 utuk toplan Elfin Ewans bilen Tierri Noýwill 1-2-nji ýerleri paýlaşýarlar. Möwsümiň 3-nji ýaryşy 15-nji martda Meksikada geçiriler.