2020-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginde Türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi.
Türkmen tarapyndan foruma ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň
we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň
ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekilçilikli
wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysadyýet ulgamynyň
hünärmenleri we hususy telekeçiler bardyr.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady häsiýetli
meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda
import we eksport aragatnaşyklarynyň artdyrylmagynyň, maýa
goýumlaryň giňeldilmeginiň, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň,
şeýle-de işewürlik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola
goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredilip geçildi.
Taraplar energetika, ulag we logistika, kommunikasiýalar we
senagat ulgamynda söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi babatynda
pikir alyşdylar. Nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň
giňeldilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar bu
ugurdaky yzygyderli gepleşiklerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi barada
gürrüň etmek bilen taraplar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly
Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçiriýän
ynsanperwerlik häsiýetli başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini aýratyn
nygtap geçdiler.