27-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-owgan işewürlik maslahaty geçirildi. Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi internet sahypasynda ýerleşdirilen habara görä, bu çäre iki doganlyk ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilmegine öz saldamly goşandyny goşar.
Işewürler maslahatyna türkmen tarapyndan ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, şeýle-de Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Owganystanyň wekiliýetiniň arasynda ýurduň söwda-ykdysady ulgamynyň hünärmenleri we hususy telekeçiler bar.
Duşuşygyň barşynda taraplar söwda-ykdysady häsiýetli meseleleriň ençemesini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň arasynda import we eksport aragatnaşyklarynyň artdyrylmagynyň, maýa goýumlaryň giňeldilmeginiň, söwda amallarynyň ýeňilleşdirilmeginiň, şeýle-de işewürlik toparlarynyň arasynda göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň mümkinçiliklerine seredildi.
Taraplar energetika, ulag we logistika, kommunikasiýalar we senagat ulgamynda söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegi babatynda pikir alyşdylar. Nebitgaz we gurluşyk pudaklarynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Çärä gatnaşyjylar bu ugurdaky yzygiderli gepleşiklerini dowam etdirmek barada ylalaşdylar.
Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmegi barada gürrüň etmek bilen taraplar hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ynsanperwerlik häsiýetli başlangyçlaryň möhüm ähmiýetini aýratyn nygtap geçdiler.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen hepdedäki Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen mejlisinde 2020-2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamany tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu resminama laýyklykda, goňşy döwletiň parahatçylykly ösüşine goldaw bermek maksady bilen, üç ýyllyk ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Ol degişli çäreleriň 12-siniň durmuşa geçirilmegini öz içine alýar. Hususan-da, birnäçe durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy, saglygy goraýyş ulgamyndaky ynsanperwerlik taslamalaryň amala aşyrylmagy, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy dowam etmegi öz içine alýan degişli çäreler göz öňünde tutulýar.
Yslamberdi TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
uly mugallymy.