Sankt-Peterburg şäheriniň ýaşaýjysy Sergeý Lukýanow Russiýanyň demirgazyk paýtagtyndan Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherine pyýada baryp ýetdi. Lukýanow 2015-nji ýylyň aprelinde Sankt-Peterburgdan ýola düşüpdi we 2016-njy ýylyň 7-nji awgustynda Olimpiada geçirilýän şähere baryp ýetdi. Ol 496 günde 18 müň 272 kilometr ýoly külterläp, her günde çen bilen 50-60 kilometr ýol geçdi.
Sergeý Lukýanow öz syýahatynyň dowamynda Russiýa, Hytaý, Wýetnam, Laos, Tailand, Malaýziýa, Singapur ýaly ýurtlaryň çäklerinden geçip, Singapurdan Çilä uçup geçmeli bolýar we ol ýerden hem Olimpiýadanyň geçýän ýeri – Rio-de-Žaneýro ugur alýar.
Dünýäniň daş-töweregine syýahat etmek Sergeý Lukýanowyň çagalyk arzuwy eken, ýöne ol bu niýetini diňe 60 ýaşynda amala aşyryp başarýar. Ol 100 kilometre pyýada ýöreýiş boýunça Russiýanyň rekordçysydyr. Ol mundan ozal, Moskwa bilen Sankt-Peterburgyň arasyny pyýadalap geçen eken. Lukýanow syýahatyny 2017-nji ýylyň 1-nji aprelinde özüniň başdaky ugur alan ýeri bolan Piterdäki Köşk meýdançasynda tamamlamagy meýilleşdirýär.