Fran­si­ýa­nyň de­mir­ýol­çula­ry il­kin­ji gat­nan ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly dü­zü­mi bi­len hoş­laş­ýar. Ol şol ot­ly dü­zü­mi­niň ma­şi­nis­ti­niň ady­ny gö­ter­ýär. “Pat­rik” diý­lip at­lan­dy­ry­lan TGV ýo­ka­ry tiz­lik­li bu gat­naw dü­zü­mi 1978-nji ýyl­da dö­re­di­lip­di. 1981-nji ýy­lyň 27-nji sent­ýab­ryn­da bol­sa Pa­riž bi­len Lio­nyň ara­syn­da yzy­gi­der­li gat­naw­lar ýo­la goý­lup­dy. 400 kilometre golaý ara­ly­k 2 sa­gat 40 mi­nut­da ge­çil­ýär­di. Şon­da bu örän uly öz­ge­riş­lik hök­mün­de ka­bul edi­lip­di. Hä­zir bol­sa, “Pat­ri­giň” tä­ze dü­züm­le­ri has uly tiz­lik bi­len ýö­re­ýär­ler. 40 ýy­llyk gat­nawy ama­la aşy­ran ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly dü­zü­mi 13 mil­li­on 478 müň 14 ki­lo­metr men­zil geç­di.
Fran­si­ýa bi­len bir ha­tar­da Ýew­ro­panyň beýleki ýurt­la­rynda hem ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly gat­naw­la­ry baradaky pi­ki­r 1960-njy ýyl­lar­da dö­re­di. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu ugur­da öň­de­li­gi eýe­le­ýän Ýa­po­ni­ýa­nyň Sin­kan­sen ýo­ka­ry tiz­lik­li ot­ly to­ry 1959-njy ýyl­da pi­kir hök­mün­de dö­re­di­lip­di. 1964-nji ýyl­da To­kio bi­len Osa­ka şä­her­le­ri­niň ara­syn­da bu gat­naw­lar ýo­la goý­lup­dy.

Maýsa DÖWLETOWA,
Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap
merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.