Türkmen milli aýdym-saz sungatynda “Mukamçy kompozitor” diýen söz düzümi ýörgünli ulanylýar. Bu, elbetde, gadymdan gelýän mukam-sazlarymyzy kämil derejede çalýan hem-de özleri täze saz döredýän ussatlarymyza degişlidir. Halypalardan miras galan halk aýdymlaryny asyl nusgasyny ýoýman, özüçe täze öwüşgin, joşgun bilen ýerine ýetirip, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ilkinjileriň hatarynda aýdyp, onuň diňleýjiler tarapyndan kämil eser hökmünde kabul edilmegini başarýan bagşylara bolsa “Mukamçy bagşylar” diýilýär.
Şeýle bagşylaryň biri hem Türkmenistanyň halk bagşysy, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halypa mugallymy, mukamçy bagşy hem-de mukamçy kompozitor Oraznepes Döwletnazarowdyr. Halypa bagşy 75 ýaşy arka atdy. Mukamçy bagşy geçilen bahar-ýazlary, altyn güýzleri, ir-iýmişli tomuslary, bereketli ýagyşly-ýagmyrly gyşlary many-mazmuna besledi. Türkmeniň sütün halypasy Sahy Jepbarowyň, Sygan bagşy adyny alan Orazgeldi Ylýasowyň döredijiliginden onlarça halk aýdymlaryny öwrenip, bu günki günde Türkmenistanyň halk bagşysy diýen uly hormatdan peýdalanýar. Onuň ýerine ýetiren “Çünki men Watanmyň iýýärin duzun” atly aýdymy bolsa gözel Diýarymyzy söýmekligiň sazly çeper beýany bolup ýaňlanýar.
Sahy halypanyň şahyr Geldi Bäşiýewiň goşgusyna döreden “Mekana daglar”, Gara Gylyjowyň goşgusyna döreden “Nepes sen” aýdymlaryny ýokary ussatlyk derejesinde ýerine ýetirip, halypanyň öňündäki şägirtlik borjuny berjaý etmegi talyp bagşylarymyz üçin görelde mekdebidir. “Käkilik”, “Uz eýlär”, “Sary gyz, saklan biraz!”, “Dostum sen”, “Öz ilimiň gara gözli gyzlary” kimin mukamçy kompozitorlarymyzyň döreden aýdymlarynyň halk içinde halk aýdymlary ýaly kabul edilmegi gönüden-göni Oraznepes bagşynyň irginsizlik bilen çekýän zähmetiniň süýji miwesidir. Şonuň üçin ol janköýer diňleýjiler tarapyndan hormat bilen “Mukamçy bagşy” adyna mynasyp boldy.
Halypanyň aýdýan aýdymlarynyň sany 400-e golaýlaýar. “Bedew”, “Zelil göwnüm”, “Aman-aman”, “Meşrep”, “Yrakda durma” ýaly aýdymlary aýdanda onuň baş halypasy Sahy Jepbarowyň, Orazgeldi Ylýasowyň aýdym aýdyş ýollary bilen utgaşyp, Oraznepes bagşynyň köpleriň göwnünden turýan ýerine ýetiriş äheňi emele gelýär.
Halypa bagşy Oraznepes Döwletnazarow häzirki wagtda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda zähmet çekmek bilen, türkmen halk aýdymlaryny, mukamçy kompozitorlaryñ aýdymlaryny ýerine ýetirmegiñ inçe syrlaryny ýaşlara öwredýär. Hormatly Prezidentimiziň halypa-şägirtlik ýoluny döredijilikli dowam etdirmek işine mukamçy bagşy Oraznepes Döwletnazarow uly goşant goşýar.
Magtymguly Magtymgulyýew,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň mugallymy.