Mälim bolşy ýaly, Fransiýanyň Luwr muzeýinde belli suratkeş we oýlap tapyjy Leonardo da Winçiniň aradan çykanynyň 500 ýyllygy mynasybetli sergi geçirilýär. Bu sergä 1,1 million adam tomaşa etmäge geldi.
– 500 ýyl geçendigine garamazdan, Italiýanyň Galkynyşlar döwrüniň belli suratkeşiniň eserleri sungat söýüjileri özüne bendi etmegini dowam etdirýär – diýip, Luwr muzeýiniň ýolbaşçysy Žan-Lýuk Martines gürrüň berdi.
Muzeýiň ýolbaşçysynyň habar bermegine görä, her gün bu sergä tomaşa etmek üçin 10 müňden gowrak adam gelýär. Sergide 160-dan gowrak eser köpçülige görkezilip, Leonardo da Winçiniň eserlerinden başga-da onuň şägirtleriniň hem eserleri hödürlenýär. Meşhur “Mona Liza” eseri bolsa has köp tomaşaçyny özüne çekýär. Bu sergi üçin dünýäniň ähli ýerinden eserler ýygnaldy.
Mundan ozal, Luwr muzeýindäki wagtlaýyn sergilerde iň köp tomaşaçy çeken fransuz suratkeşi Ežen Delakruanyň sergisi bolupdy. 2018-nji ýyldaky bu çärä 540 müň adam gelipdi.
Güýçmyrat GURBANMYRADOW,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň mugallymy.