“Omdia” kompaniýasynyň seljermelerine laýyklykda, 2019-njy ýylda iň köp satylan ykjam telefonlaryň sanawy mälim edildi. “Iphone XR” smartfony 2019-njy ýylyň iň köp isleg bildirilen telefony boldy. ABŞ-nyň “Apple” kompaniýasynyň bu telefonynyň 46,3 milliony satyldy. Ýene-de bu kompaniýa degişli bolan “Iphone 11”-iň satuwy 37,3 milliona deň bolup, ikinji orny eýeledi.
Sanawda degişlilikde 3-nji, 4-nji we 5-nji orunlary Koreýa Respublikasynyň “Samsung” kompaniýasynyň telefonlary eýeledi. Şeýlelikde, “Galaxy A10”-yň 30,3 milliony, “Galaxy A50”-iň 24,4 milliony we “Galaxy A20”-iň bolsa 19,2 milliony satyldy. Mundan başga-da, ilkinji onluga “iPhone 11 Pro Max” (17,6 million), “iPhone 8” (17,4 million), “Redmi Note 7” (16,4 million), “iPhone 11 Pro” (15,5 million) we “Galaxy J2 Core” (15.2 million) telefonlary girdi.
Bu sanawda görnüşi ýaly, “Apple” kompaniýasynyň ykjam telefonlaryna has köp gyzyklanma bar. Onuň önümleri uly islegden peýdalanylýar.
Aýna DADAÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.