Fran­si­ýanyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da­ky Li­on şä­he­rin­de peý­ni­riň 257 gör­nü­şi ula­ny­lyp piz­za taý­ýar­lan­dy. 30 san­ti­metr­lik piz­za peý­ni­riň köp gör­nü­şi go­şul­dy. Ýa­kyn wagt­da ony Gin­ne­siň re­kord­lar ki­ta­by­na gi­riz­mek göz öňün­de tu­tul­ýar.
Bu aja­ýyp ta­ga­myň aş­pe­zi Be­nua Brýuel­dir. Ol piz­za taý­ýar­la­mak­da ök­de aş­pez­le­riň bi­ri­dir. Il­ki­baş­da ol peý­ni­riň 254 gör­nü­şini ulan­ma­gy me­ýil­leş­dir­di. Soň­ra­ onuň üs­tü­ne ýe­ne-de 3 gör­nü­şi­ni goş­dy. Onuň aýt­ma­gy­na gö­rä, uly bol­ma­dyk bu piz­za­nyň için­dä­ki peý­nir­le­riň gör­nüş­le­ri­niň köp­lü­gi bi­len re­kord bo­lan­dy­gy mä­lim edil­di. Piz­za­da ula­ny­lan peý­nir­le­riň umu­my ag­ra­my 750 gra­ma deň­dir, ta­ga­myň ag­ra­my bol­sa 1 ki­log­ram­dyr. Şeý­le hem aş­pez bu piz­za­nyň 20 ada­ma ni­ýet­le­nip taý­ýar­la­ny­lan­dy­gy­ny bel­le­di.
Bu ugur­da ozal­ky re­kord 2019-njy ýy­lyň ap­re­lin­de Mel­burn şä­he­rin­de goý­lup­dy. Ýer­li res­to­ran­la­ryň bi­ri­niň baş aş­pe­zi peý­ni­riň 154 gör­nü­şi­ni ula­nyp piz­za taý­ýar­lap­dy. Şon­da bu ta­gam uly meş­hur­lyk ga­za­nyp­dy we 5 gü­nüň do­wa­myn­da 797 sar­gyt ka­bul edi­lip­di.

Aýjahan ÝUSUPOWA,
S. A. Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.