Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasatynyň netijesinde, ýurdumyzyň milli pul birligi durnukly bolup, jemi içerki önümiň ösüşi ýokary derejelerde saklanyp gelýär. 2019-njy ýylyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüşi 6,3% ösüş görkezdi we bu görkeziji dünýä boýunça jemi içerki önümiň ortaça ösüşinden ýokary derejesinde saklanýar. Hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen milli ykdysadyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmek, şol sanda hususy telekeçiligi we işewürligi has-da işjeňleşdirmek boýunça täze mümkinçilikler döredilýär, ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan müşderilere döwrebap bank hyzmatlary we girdejili goýumlary hödürlenýär, ýeňillikli önümçilik karzlary berilýär hem-de daşary ýurt maýa goýumlary ýurdumyzyň ykdysadyýetine çekilýär.
Milli manadymyzyň durnukly saklanmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary derejede saklanmagyna hem ýardam edýär. Ýurdumyzyň milli pul birliginiň durnukly bolmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň ilaty öz pul serişdelerini goragly we girdejili bank goýumlarynda we bank kartlarynyň hasaplarynda saklaýarlar. Müşderileriň bank ulgamyna bolan ynamynyň ýokary derejede bolmagynyň anyk mysaly hökmünde, bank goýumlarynyň we bank kartlarynyň hasaplaryndaky pul serişdeleriniň galyndysynyň yzygiderli ýokarlanmagyny hem belleseň bolýar.
Şeýle hem, milli pul birliginiň durnukly saklanmagy ýurdumyzyň telekeçilerine we önüm öndürijilerine uzak möhletleýin meýilnamalary düzmekde, önümçilikleri öz wagtynda işe girizmekde hem-de bellenilen meýilnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam edýär. Ýurdumyzda önümçiligi ösdürmek, importuň ornuny tutýan we eksporta gönükdirilen önüm öndürijileri goldamak üçin alnyp barylýan işleriň netijesinde, importuň ornuny üstünlikli tutýan ýerli önüm öndürijileriň önümleri bazarlarymyzda mynasyp orny eýeläp, raýatlarymyz tarapyndan gyzgyn garşylandy. Häzirki wagtda içerki bazarlar üpjün edilenden soňra, daşary ýurt bazarlaryna “Made in Turkmenistan” belgili ugradylýan önümleriň mukdary has-da artdy. Milli ykdysadyýetimizi düýpgöter ösdürmekde, senagatlaşdyrmakda, goşulan bahany döredýän önümçilikleri döredip, eksporta gönükdirilen ykdysadyýete, umuman senagatlaşan bazar ykdysadyýetine geçmekde ýurdumyzyň milli pul birliginiň – Türkmenistanyň milli manadynyň durnukly saklanmagy ähmiýetli orny eýeleýär.
“Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylynda Gahryman Arkadagymyz tarapyndan badalga berlen ýurdumyzyň ähli pudaklaryndaky uly özgerişlikleriň amala aşyrylmagy dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer ýörelgesinden ugur alýan bu özgerişlikler, ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagyna, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümçilikleriň has-da köpelmegine hem-de Diýarymyzyň ösüşiň ýoly bilen täze üstünliklere ýetmegine ýardam edýär.
Wepa Pirliýew,
Türkmenistanyň “Türkmenistan” döwlet
täjirçilik bankynyň Ykdysady seljeriş we
çaklaýyş müdirliginiň başlygy.