Şan-şöhraty gün-günden arşa göterilýän eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleriniň täze belentliklerine ýetmekde döwrebap ösüş ýollarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Döwletimiziň ösüşini ýokarlandyrmak önümçilikleriň doly döwrebaplaşdyrylmagyna, kämil önümçilik tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna baglydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýurdumyz ykdysady taýdan durnukly ösýän, dünýäniň iň öňdebaryjy we hyzmatdaşlyk etmekde ygtybarly döwletleriň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň dünýädäki abraý-mertebesiniň günsaýyn beýgelýändigini, döwlet binýadynyň berkligi, durmuşyň ähli ugurlarynda gazanylýan ösüşiň ýokary depgini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň barha ýokarlanmagy hem aýdyň subutnamadyr. Berkarar döwletimiz dünýäniň iň ösen döwletleriniň hatarynda ykdysady ösüşiň innowasion ýoluny saýlady.
Şeýlelikde, innowasion ösüşiň dowamlylygyny: tehnologiýa taýdan işläp taýýarlanmalar – üstünlikli durmuşa ornaşdyrlyş – hil taýdan ýokary we kanagatlandyryjy netijeleri gazanyş görnüşinde göz öňüne getirmek bolar. Ýurdumyzda ykdysady syýasatyň özeni we esasy maksady innowasiýa ösüşiniň “türkmen nusgasyny” döretmekden we bu ugurda maksatnamalary üstünlikli durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr.
Ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady taýdan ýokary depginli ösüşini gazanmakda innowasion häsiýetli önümçilikleri döretmek, bäsleşige ukyply taýýar harytlary öndürmek we olary dünýä bazaryna çykarmak, ekologiýa taýdan arassa önümleri taýýarlamak we daşky gurşawy gorap saklamak, ýaşaýyş-durmuş we inženerçilik üpjünçilik ulgamlaryny hil taýdan ýokary derejelerde ösdürmek esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetini bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn esasda geçirmek, döwlet eýeçiliginiň kärhanalaryny hususylaşdyrmak, önümçiligiň täze ugurlaryny we görnüşlerini ygtyýarlandyrmak, erkin ykdysady zolaklary, gymmatly kagyzlaryň bazaryny döretmek babatynda işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde bu günki gün Türkmenistan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, ösen tehnologiýalary, täze iş orunlaryny döretmekde dünýäniň ösen döwletleriniň hatarynda durýar.
Bu üstünlikler diňe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň durmuşyň ähli ugurlaryna üstünlikli ornaşdyrylmagy, şeýle hem öndürilen önümleriň bazarlara köpçülikleýin tertipde yzygiderli ýerlenilmegi we ýokary tehnologiýaly hem-de ygtybarly, kuwwatly milli innowasion ulgamyň kämilleşdirilmegi bilen gazanylýar.
Häzirki wagtda ykdysady innowasion ösüş ýoly biziň eşretli durmuşymyzyň hözirini görüp ýaşamagymyza, zähmet we ýaşaýyş şertlerimiziň has-da gowulanmagyna, ähli ugurlara täzeçillik özgerişleriniň üstünlikli ornaşdyrylmagyna hyzmat edýär. Eziz Diýarymyzyň her bir gününi ösüşleriň täze belentliklerine besleýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!
Döwran Ýazdurdyýew,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we
dolandyryş institutynyň talyby.