6-njy awgustda dünýäniň iň uly howa gämisi – 92 metr uzynlykdaky uçar-dirižabl “Airlander 10” ilkinji gezek uçuş synaglaryna taýýarlyk üçin Beýik Britaniýanyň Bedfordşir şäheriniň howa menziliniň angaryndan çykaryldy. Bu özboluşly uçaryň üstünde dokuz ýyllap britan kompaniýasy “Hybrid Air Vehicles” işledi. Bu ägirt uly howa gämisi aragatnaşyk, ýük daşamak, gözegçilik, ynsanperwerlik missiýasy we ýolagçy gatnatmak ýaly ugurlarda ulanylar.
6-njy awgustda irden “Airlander 10”-y angaryň derwezesinden itip çykardylar we 30 minutyň dowamynda bellenen ýerine eltdiler. Şeýlelikde, bahasy 25 million ýewro durýan howa gämisi köpçülige hödürlendi. 50 ýolagça niýetlenen bu uçar üç hepdeläp gonman uçup bilýär. Onuň uzynlygy bir futbol meýdançasynyň uzynlygyna, beýikligi bolsa, 9 gatly binanyň beýikligine barabardyr. Tizligi sagatda 150 kilometre ýetýän bu howa gämisi 10 tonna ýük daşamaga ukyplydyr.