Russiýaly tennisçi Mariýa Şarapowa özüniň sport ýoluny tamamlandygyny habar berdi. Şol mynasybetli, “Vanity Fair” žurnalyna ýörite makala ýazan 32 ýaşly tennisçi “Kyn hem bolsa, 28 ýyldan bäri gümra bolup ýören pişesi bilen hoşlaşýandygyny aýtdy. Ol bu baradaky duýgularyny: “Kinniwanja gyzjagazkam başlan we soňlugy bilen ullakan maşgala öwrülen sport durmuşymy kyn hem bolsa, bes etmeli bolýaryn. Meni bagyşlaň, hoş gal tennis” diýen setirler bilen beýan etdi. 1987-nji ýylyň 19-njy aprelinde dünýä inen we 2001-nji ýylyň 19-njy aprelinde professional derejede tennise başlan Şarapowa “Uly tuwulga” ýaryşlarynda 5 gezek çempion boldy. Ol 2004-nji ýylda “Wimbledonda”, 2006-njy ýylda “Amerika Açykda”, 2008-nji ýylda “Awstraliýa Açykda” hem-de 2012-nji we 2014-nji ýyllarda “Fransiýa Açykda” çempionlyk gazandy. 19 ýyllyk karýerasynda 36 ýaryşda çempion bolan Şarapowa 2012-nji ýylda London Olimpiadasynda-da kümüş medal alypdy. 2005-nji ýylda WTA-nyň sanawynda 1-nji orna çenli beýgelen Şarapowa 645 duşuşykda ýeňiş gazanyp, 171 oýunda ýeňlişe sezewar boldy. Ol tennis ýaryşlaryndan 38,7 million dollar möçberinde pul sylagyny gazanyp, bu babatda zenanlaryň arasynda 3-nji orny eýeleýär.