Soňky wagtlarda sportuň ýeňil atletika görnüşinden täze rekord habarlary yzygiderli gelmegini dowam edýär. Syrykly bökmekde şwesiýaly Amandis Duplatisiň yzly-yzyna täzelän 2 rekordyndan soň, ýeňil atletikanyň başga bir görnüşi, üçürdikläp bökmekden hem täze rekord habary gelip gowuşdy. Wenesuelaly ýeňil atletikaçy zenan Ýulimar Rohas üçürdikläp bökmekde dünýä rekordyny goýdy. Ol “World Indoor Tour” ýaryşlarynyň Ispaniýanyň paýtagty Madridde geçirilen tapgyrynda 15,43 metr uzynlygyna böküp, 16 ýyllyk rekordy täzeledi. Ozalky rekord russiýaly Tatýana Lebedewa degişli bolup, ol 2004-nji ýylyň 6-njy martynda Budapeştde 15,36 metr uzynlygyna böküpdi.