2020-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler
ministrliginde Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalarynyň
we halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň
gatnaşmagynda nobatdaky brifing geçirildi.
Brifingiň barşynda ýiti wirusly ýokanç keselleriň, hususan-da COVID-
19 koronawirusynyň ýurda aralaşmagynyň öňüniň alynmagy maksady bilen
Türkmenistanda durmuşa geçirilýän çäreler dogrusynda Türkmenistanyň
Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew we Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow dagylar çykyş etdiler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda ýurtda howply ýokanç
keselleriniň öňüniň alynmagy boýunça zerur bolan çäreleriň ählisiniň
durmuşa geçirilýändigi aýratyn nygtalyp geçildi. Bu hereketler
Türkmenistanyň milli kanunçylygynyň nazarda tutulmagynda Bütindünýä
saglygy goraýyş guramasynyň berýän maglumatlaryna laýyklykda alnyp
barylýandyr.
Öň hem habar berlişi ýaly, şu ýylyň ýanwar aýynda Türkmenistanyň
Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary topary döredildi.
Brifinge gatnaşyjylara Türkmenistanda koronawirus keseliniň ýa-da onuň
alamatlarynyň hiç bir hadysasynyň hasaba alynmandygy barada habar berildi.
Çykyşlaryň barşynda Türkmenistanyň epidemiologiki gözegçiliginiň
giňeldilmegi bilen birlikde ilatyň öz wagtynda habardar edilmeginiň hem-de
okadylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýändigi aýratyn nygtalyp geçildi.
Ýurtda zerur bolan dermanlar we lukmançylyk maksatly serişdeler bilen
üpjünçilik babatynda gaýragoýulmasyz çäreler durmuşa geçirildi. Şeýle-de
Türkmenistanyň Hökümetiniň ýerüsti, demir ýol, howa we deňiz ulag
görnüşleriniň netijeli hem-de bökdençsiz hereket etmegi üçin zerur bolan
çäreleriň ählisini amala aşyrýandygy aýratyn bellenilip geçildi.
Soňra duşuşyk «sowal-jogap» görnüşinde dowam etdirildi. Brifingiň
barşynda oňa gatnaşyjylar türkmen tarapyna şu çäräni geçirendigi üçin
minnetdarlyk bildirdiler we şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň bu
meselä jogapkärçilikli çemeleşýändigini nygtadylar.