Kanadanyň zikgehanasy göwher şekilli ilkinji şaýy puluny çykardy. Munuň üçin “Crossworks Manufacturing and Forevermark Diamonts” atly şereket bilen hyzmatdaşlyk edildi. Agramy 85 gram bolan puluň düzüminde 0,20 karatlyk göwher bar. Puluň ýüzünde Şa zenany Ýelizaweta II-niň suraty şekillendirilipdir. Onuň şekilini belli suratkeş Suzanna Blunt çekipdir. Şaýy puluň hiliniň ýokary bolmagy üçin birnäçe synagdan geçirilipdir. Hakykylygy baradaky şahadatnama bilen bilelikde gowşurylýan puldan jemi 700 sanysy zikgelenipdir. Şaýylyk 1 123 dollardan satuwa çykaryldy.